Ukrainanyň parlamentiniň internet saýtynda Wladimir Zelenskiýniň, Andreý Sibiganyň Daşary işler ministri wezipesine bellenmegi bilen bagly Döwlet baştutanynyň kararnama taslamasyny parlamente hödürländigi habar berildi.
Andriý Sibiga 2016-2021-nji ýyllar aralygynda Ukrainanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesinde işläpdi.
Beýleki tarapdan ukrainaly deputat Ýaroslaw Železnýak sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Daşary işler ministri Dmitro Kulebanyň wezipeden çekilmek baradaky ýüz tutmasynyň şu gün parlamentde tassyklanandygyny habar berdi.
Parlamentiň başlygy Ruslan Stefançuk 4-nji sentýabrda beren beýannamasynda, Daşary işler ministri Kulebanyň wezipeden çekilmek baradaky ýüz tutmasyny parlamente hödürländigini mälim edipdi.
Ministr Kuleba 2020-nji ýylyň 4-nji martyndan bäri Ukrainanyň Daşary işler ministri wezipesinde işleýärdi.