Zelenskiý Amerikan Goldawy Hakynda Beýannama Berdi

Zelenskiý Amerikan Goldawy Hakynda Beýannama Berdi

Zelenskiý X hasabyndan paýlaşan wiziual ýüzlenmesinde ABŞ-nyň Wekiller Palatasynyň ýurduna 61 milliard dollarlyk kömegiň tassyklanmagy hakynda garaýyşlaryny beýan etdi.

Şol kararyň kabul edilmegine uzak wagtdan bäri garaşandyklaryna ünsi çeken Zelenskiý, bu kömegiň peýdasyny alynky frontda söweşýän ukrain esgerleriniň hem-de ilatly ýerleriň duýjakdygyny aýtdy.

Zelenskiý; “Kömek bukjasyna goldaw berenleriň ählisine sagbolsun aýdýaryn. Ol, adamlaryň janlarynyň goralmagy bilen bagly çözgütdir” diýdi.

Wekiller Palatasynyň kabul eden taslamasynyň golaýda Amerikan Senatynda tassyklanyp, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdenyň garamagyna hödürlenmegine garaşýandyklaryny nygtan Zelenskiý; “Russiýanyň haraba öwürmäge synanşýan ýurdumyza, garaşsyzlygymyza, halkyna we ýaşlaýyşyna berilýän goldawlaryň ählisine kanagatlanma bildirýäris” diýdi.

Zelenskiý ABŞ-dan alynan kömekden söweşde Russiýany ýeňmek üçin peýdalanjakdyklaryny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

“Fransiýa, Ukraina Goldaw Bermäge Dowam Eder”
Ukraina: "Uruş sebäpli 589 çaga ýogaldy" diýdi
Russiýanyň Harkowa Guran Hüjüminde 1 Çaga Ýogaldy
“Bizi Rus Terroryndan Gorajak Uzak Aralykly Ýarag Gerek”
Russiýanyň Ukrainanyň Poltawa şäherine guran hüjüminde ýogalan adamlaryň sany artdy
Zelenskiý Kursk operasiýasy barada beýannama berdi
Russiýa Ukraina hüjüm guramaga dowam edýär