Zelenskiý: "4 müň 500 rus esger öldürildi" diýdi

Zelenskiý: "4 müň 500 rus esger öldürildi" diýdi

Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý, sosial media hasabyndan paýlaşan wideosynda Russiýanyň hüjümlerinde soňky 4 günde 16 çaganyň ýogalandygyny, 45 çaganyň hem ýaralanandygyny mälim etdi.

4500 rus esgeriň öldürilendigini aýdan Zelenskiý, rus esgerlerine ýüzlenip: "Gidiň we janyňyzy halas ediň. Serkerdeleriňize, propoganda edýänlere ynanmaň. Diňe janyňyzy halas ediň" diýip belledi.

Russiýa garşy göreşmek isleýän we harby tejribesi bolan tussaglylary azat etmek barada karar kabul edendiklerini aýdan Zelenskiý: "Prezident bolan mahalym her birimiziň Prezident boljakdygymyzy aýdypdym. Sebäbi ählimizi döwletimizden jogapkärdiris. Gözel Ukrainamyz üçin. Indi her birimiz bir söweşijidiris we her birimiziň ýeňiş gazanjakdygymyza ynanýaryn. Ukraina şöhrat!" diýip nygtady.

Ukrainanyň Goranmak ministriniň orunbasary Anna Malýar hem Facebook hasabyndan beren beýannamasynda, Russiýanyň harby güýçleriniň soňky 4 gündäki ýitgileri barada maglumat berdi.

Russiýanyň harby güýçleriniň 5 müň 300 töwerek esger ýitirendigini aýdan Malýar, Ukrainanyň goşunynyň Russiýa degişli 29 uçary, 29 dikuçary, 191 taňky, 816 sowutly ulagy, 74 topy we 2 gämini ýok edendigini beýan etdi.

Malýar rus güýçleriniň mundan başgada 1 BUK zenit ýaragyny, 21 Grad raketa ulgamyny, 291 ulagyny, 60 ýangyç ulagyny, 5 howa goranyş ulgamyny we 3 uçarmansyz howa ulagyny ýitirendigini, şol görkezijilere dowam edýän çaknyşyklardan gelip gowuşýan maglumatlaryň goşulmandygyny habar berdi.

Ukrainanyň goşuny hem ýurdyň paýtagty Kiýew şäheriniň golaýyndaky Irpin şäherini basyp almaga synanyşan Russiýanyň harby güýçleriniň yzyna serpikdirilendigini mälim etdi.

Ukrainanyň Baş ştabyndan berilen beýanatda, Russiýanyň harby birikmeleriniň howa we gury ýer hüjümleriniň dowam edýändigi mälim edildi.

Russiýanyň harby güýçleriniň hüjümlerinde harby we raýat howa menzillerini, ştab merkezlerini, howa goranyş ulgamlarynyň desgalaryny, möhüm tankydy infatsruktura desgalaryny, ýaşaýyş ýerlerini nyşana almaga dowam edýändigi bellenen beýanatda, ruslaryň Irpin şäherini basyp almak üçin eden hüjümleriniň netijesiz bolandygyna ünsler çekilip: "Ukrainanyň harby güýçleri duşmanyň täze harby tehnikalaryny ýok etdi. Ähli ugurlarda Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň taňklary we mehanizirlenen birikmeleri, artileriýasy bilen kesgitlenen liniýalaryň goranyşyny öz gözegçiliginde saklaýar.

Ukrainanyň Harby-howa güýçleri duşmanyň howa hüjümlerini yzyna serpikdirýär" diýip habar berildi.

Mundan başgada beýanatda 3-15 aralygyndaky adamlardan ybarat Ukrainanyň harby egin eşigini geýen rus sabotaž toparlaryna garşy ulgamlaýyn häsýetde göreşiň alynyp barylýandygy aýan edildi.

Beýleki tarapdan bolsa Russiýanyň harby güýçleri Azow deňiziniň kenarynda ýerleşýän Berdýansk şäherindäki ähli döwlet edaralarynyň binalarynyň gözegçiligini ele geçirdi.

Russiýanyň Goranmak ministrligi bolsa Ukrainanyň howa giňişliginiň dolulygyna Russiýanyň gözegçiligi astyndadygyny aýan etdi.

Ministrlik tarapyndan berilen beýanatda rus esgerleriň Zaparožýa atom desgasynyň töweregindäki sebitlerde gözegçiligi üpjün edendigi, desganyň işlemäge dowam edýändigi we radioaktiw görkezijileriň kadalydygy mälim edildi.

Hüjümiň başlan gününden bäri Ukraina degişli 1 müň 114 harby desganyň ýok edilendigi bellenen beýanatda, Ukrainanyň howa giňişliginiň dolulygyna Russiýanyň gözegçiligidedigi habar berildi.

Beýanatda Berdýansk we Energodar şäherleriniň hem Russiýanyň goşunynyň gözegçiligindedigi beýan edildi.

Ukrainanyň BMG-daky hemişelik wekili Sergiý Kyslytsýa rus esgerleriň ýagdaýlaryndan habardar bolmak isleýän ýakynlary üçin ýörite telefon liniýasynyň döredilendigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýa-Ukraina uruşy dowam edýär
Tramp Ukrainada gysga möhletde hüjümleriň bes edilmegini isleýär
Zelenskiý: Ukraina Russiýanyň basyp alan ýerlerini diplomatiýa arkaly  yzyna almak almak isleýär
Germaniýanyň Federal kansleri Ukraina bardy
Putin Ukraina bilen deslapky şertsiz duşuşmaga taýýardyklaryny aýtdy
ABŞ: "Russiýada ýogalan we ýaralanan Demirgazyk Koreýaly harby gullukçylar bar" diýdi
Ýewropa Bileleşigi Ukraina goldaw bermäge dowam eder