Zehinli ýaşlaryň festiwaly atly bir aýlygyň çäklerinde konsert agşamy geçirildi

Zehinli ýaşlaryň festiwaly atly bir aýlygyň çäklerinde konsert agşamy geçirildi

27-nji oktýabrda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Ýörite fortepiano kafedrasynyň uly mugallymy Şemşat Amannepesowanyň hem-de Estrada kakylyp çalynýan saz gurallar kafedrasynyň mugallymy Yklym Babaniýazowyň bilelikde we ýekelikde ýerine ýetirmeklerinde Zehinli ýaşlaryň festiwaly atly bir aýlygyň çäklerinde konsert agşamy geçirildi.

Konsertde türkmen we dünýä belli daşary ýurt kompozitorlaryň sazlary ýaňlandy. Žaworonok rumyn halk tansy, ermeni kompozitory Aram Haçaturýanyň ksilafon we fortepiano üçin Lezginka, A.Polonskiniň Konsert çardaşy, A.Jülgäýewiň Ýaşlara salam, F.Listiň Rapsodiýasy ýaly ajaýyp sazlaryny Yklym mugallym ksilofon saz guralynda, Şemşat mugallym fortepianoda ýerine ýetirdi.

Şeýle hem konsertiň dowamynda Şemşat Amannepesowa azerbaýjanly meşhur zenan, Jazz äleminiň şazenany ady bilen tanalýan Aziza Zadehiň jazz eserlerini hem-de kompozitor N.Halmämedowyň 85 ýyllygy mynasybetli Dutaryň owazy eserini ýekelikde ýerine ýetirdi.

Aýratynam kinofilmden alnan, ady rowaýata öwrülen aýdymçy Maýkl Jeksonyň fortepiano üçin täzeden işlenilip düzülen Bad aýdymy diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Maýkl Jeksonyň bu eseri üçin birnäçe bäsleşikde baş baýraklara mynasyp bolandygyny bellemelidiris.

Konsertiň dowamynda Şemşat Amannepesowa täze işlenen sazlary, fortepiano üçin ýazan täze eserleri sahnada ilkinji gezek ýaňlandy. Onuň ýerine ýetiren Aşgabat atly täze saz eseri diňleýjilere garaşylmadyk sowgat boldy.

Yklym Babaniýazowyň dep saz guralynynyň owazy bilen bilelikde ýaňlanan şirin mukamlar tomaşaçylary jadyly dünýä syýahata alyp gitdi.

Ýene degişli makalalar

Ýeňiş güni mynasybetli dabaraly çäre
ÝAŞ SAZANDALARYŇ ARASYNDA BÄSLEŞIKLI BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI
Bilimdäki para ýaşlaryň ýoluny ýapýar, prezidentiň ogly Angliýada 'okady'
Saglyk ministri Lebaba bardy, ilat sebitiň saglyk desgalaryndaky pes hyzmatlardan şikaýat edýär
“Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
Türkmenistan pediatriýa we stomatologiýa merkezlerini gurmak boýunça halkara bäsleşik geçirer