Zehinli kinorežissýory ýatlap

Türkmenlerde Ata kesbi – ogla halal diýip, örän jaýdar aýdylan söz bar.Asyrlarboýy jan hem ten bilen eýlenen ýol mähir we terbiýe bilen sepleşip, gadymy mirasyň nesilleriň kalbynda ebedi ýaşamagyna esas bolupdyr.

Biziň halkymyzda bu entegem şeýle.Durmuşda perzentleriň ata ýoluny, ene kesbini saýlaýan pursatlaryna ýygy-ýygydan gabat gelýäris.Bu Magtymgulynyň waspyny eden derelerinde tenekär ot-çöpleri ýygnap, rowaýat köküni diňläp, Sumbar jülgesiniň şirin suwly çeşmelerinden gana-gana öz sesiniň ýaňyna guwanyp aýdym aýdýan Orazyň durmuşynda hem hut şeýle bolupdy.

Orazyň kakasy Akmämmet aga-da, ejesi Oguldursun eje hem ykbalyny sungata bagyşlan adamlardy.Akmämmet aga oba klubunda kinogörkeziji bolup işleýärdi.Oguldursun eje bolsa etrabyň kitaphanaçysydy.

Her gün agşam maşgala agzalary bir ýere jem bolanda täze kino eserleriniň, iň oňat kitaplaryň, etrap medeniýet öýüne getirilen sahna oýunlarynyň gürrüňi edilýärdi. Ýogsa oba durmuşyna mahsus bolan hysyrdylar maşgalada azlyk etmeýärdi.

Mal-gara, ekin-dikin, howla serenjam bermek ýaly aladalar bu maşgaladan hem asla üzňe däldi.Bular şeýde-şeýde ýedi çagany kemala getirdiler. Üç ogul, dört gyza edep-terbiýe berip, olary bilimli adamlar edip durmuş ýoluna atardylar.Oraz Orazow 1961-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda gullukçy maşgalasynda eneden bolýar.

Orta bilimi şol etrabyň 2-nji orta mekdebinde alan Oraz okuwçy döwründe aýdym-saz sapagy bilen içgin gyzyklanýar, mekdepde hereket edýän aýdym-saz gurnagyna gatnap, her gezek geçirilýän dabaralarda çykyş edýär.Ol okuwyndan boş wagty kakasynyň işleýän ýeri bolan oba klubyna baryp, kakasynyň kino görkezişini öwrenipdir, oba klubyna gelen ähli filmleri ýatdan bilipdir, filmleriň gahrymanlarynyň döreden keşplerini, sözlerini ýat tutupdyr. Şeýlelikde, Oraz ýaşlygyndan kino sungatynyň jadylaýjy güýjüne baglanyp, öz geljekki hünärini kesgitläpdir.

Akmämmet aga bolsa oglunyň bu pikirini goldapdyr.Kakasy ogluna ata-baba ruhy siňen topragyň taryhy hakynda ýaşululardan eşiden täsirli rowaýatlaryny gürrüň beripdir.Wagtyň geçmegi bilen Oraz kino eseriniň görkezilişiniň tilsimlerini öwrenýär, soňabaka özi özbaşdak kino görkezmegi özleşdirip başlaýar.Orta mekdebi tamamlanyndan soň, Daşkendiň teatr we çeperçilik institutynyň aktýorlary taýýarlaýan bölümine resminamalaryny tabşyryp, döwlet synaglaryndan üstünlikli geçip, talyp bolan Oraz institutda professor Mihail Fattakowdan aktýor ussatlygy boýunça tälim alýar.

Oraz bilen bir ýylda okan Şirli Mollaýew, Öwez Hudaýgulyýew, Orazgeldi Rejepow, Nury Hudaýgulyýew, Akmyrat Arçykow, Orazjemal Hotjyýewa dagy hormatly atlaryň, döwlet sylaglarynyň eýeleri.Instituty üstünlikli tamamlap gelen Orazy şol wagtky Aman Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatryna aktýor edip işe alýarlar.

Onuň ilkinji işleriniň biri Gülle deşen telpek spektaklynda Mahmydyň keşbidir.O.Orazow bu teatryň sahnasynda Hommat Müllügiň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan Sawçylar atly spektaklda baş keşpde – Oraz atly ýigidiň keşbinde çykyş edýär. Şondan soň Oraz Kemal spektaklynda Rajyň, Uly oglum spektaklynda Busyginiň, Halas ediň!

spektaklynda Nurynyň keşplerini ussatlarça janlandyryp, teatr muşdaklarynyň söýgüsine mynasyp bolmagy başarýar.Orazguly Annaýewiň Gyzaryp ýaşan şapak pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan spektakldaky Nazaryň keşbi hem köp tomaşaçylaryň ýadyndadyr.Ol bu teatrda 8 ýyla golaý işleýär, şol döwürlerde ýaş aktýor kinorežissýorlaryň ünsüni özüne çekýär.

Orazyň aktýor hökmünde janlandyran keşplerinden Ýaşlygymyň kasamy atly çeper filmdäki baş gahryman Döwletiň, Zäherlenen söýgi atly çeper filmdäki aýdymçy ýigidiň, Serhetçi filmindäki serhetçiniň, Öwrüm filmindäki kapitan Batyrowyň, Mysgal filmindäki Myradyň keşpleri onuň özboluşly zehinini açan keşplerdir.90-njy ýyllaryň başynda filmleriň režissýory hökmünde ilkinji işlerini halk köpçüligine hödürläp başlan Oraz ençeme ilhalar filmleri döredýär. 1993-1995-nji ýyllarda hünärini kämilleşdirmek maksady bilen Moskwanyň ýokary kinematografiýa institutynyň kinorežissýorlary taýýarlaýan bölümine okuwa giden Oraza halypa kinorežissýor Bulat Mansurow tälim berýär.

Kinematografiýa institutynyň birinji ýylynda okap ýörkä, Oraz ýyllyk işi üçin Daşkentde bile okan ýoldaşy Nury Hudaýgulyýewiň aýdýan Ykbalym atly aýdymyny wideo görnüşler bilen sýužete öwürmek işini saýlap alýar.Soňra şol aýdym köp ýyllaryň dowamynda mawy ekran arkaly görkezilip, halkyň söýüp diňleýän aýdymyna öwrülýär.Eseri döredýän her bir awtoryň öz aýratynlygy bolýar.

Kinorežissýor hem suratkeş mysaly wakany, häsiýeti, meseläni, hadysany janlandyrýar, şekile geçirýär. Ýöne ol şekiller hereket edýär, seslenýär.Bu režissýor Oraz Orazowyň ýörelgesi. Şonuň üçin ol öz işlerini kinematografik serişdeler, diňe kinonyň özüne mahsus bolan aýratynlyklar bilen beýan etmäge ymtylýar.

Keýpi, häsiýeti sözden öňürti reňkleriň, öwüşginleriň üsti bilen ýüze çykarmak, aktýor replikasyny režissýoryň hususy görüşi bilen baýlaşdyrmak, özara söhbete awtoryň pikir ýöretmesi bilen düşündiriş bermek, pikir bermek üçin bir kadrda uzak eglenmek Orazyň halypalaryndan öwrenen ýoludyr.

Bu onuň Şükür bagşy ýaly nusgawy filmi döreden Bulat Mansurowyň terbiýe mekdebini geçeninden soňky eserleriniň aglabasynda duýulýar. Çünki asly Türkmenistandan bolan mugallymy Bulat Mansurow Oraz üçin talyplyk ýyllarynda okadan, tälim beren ussady bolmak bilen bir hatarda hakyky hossarydy, durmuş mekdebiniň hem halypasydy.

Oraz topardaky talyp ýoldaşlary bilen ussadynyň şol ýyllarda döreden Bulgaryň mylaýym şemaly atly köp seriýaly çeper filminiň surata düşürilişine gatnaşýar.Halypasy bilen surata düşürilýän meýdançada egin-egne berip işleşmek, onuň guramaçylyk işlerini ýerine ýetirmäge gatnaşmak Oraz üçin gymmatly tejribe bolýar.

O.Orazow komediýa žanrynda hem öz ukybyny synap gören režissýorlaryň biridir.Onuň döreden Şaýly gelin atly çeper filmi köpleriň ýadyndadyr. Şol filmde esasy gahrymanlar Toty eje (Orazgül Abbasowa) bilen Nutdy aganyň (Öwez Gelenow) aralarynda düşünişmezlik bolýan pursadynda Orazyň awtor hem režissýor hökmünde tapan çözgütleri kinonyň şowly çykmagyna öz täsirini ýetiripdir.

Türkmenfilmde dürli ýyllarda işlän Oraz Orazow Ýylanly ada, Öwrüm (bilelikde), Halal gazanç, Keteni, Oguz hekaýaty, Haly rowaýaty, Serhetçi, Şaýly gelin, Kalbymyň owazy, Törebeg hanym, Muňa durmuş diýerler (bilelikde), Ýalkamyş bagşy, Buzly köşk, Mollanepes, Bugdaý sümmül bolanda, Talyp durmuşy ýaly çeper, dokumental filmleriň onlarçasyny döretdi.

Ol köp ýyllaryň dowamynda türkmen telewideniýesinde hem işledi. Şol ýyllarda köp seriýaly telewizion filmleri, şekilli aýdymlary, Duýgy atly çeper filmi, kiçi göwrümli telewizion dokumental filmleri döretdi.Zehinli kinorežissýor Oraz Orazow Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşiginde goýujy kinorežissýor hökmünde ululy-kiçili filmleriň ençemesini döredip, kinomuşdaklarynyň söýgüsini gazanmagy başardy.

Ol 2006-njy ýyldan başlap Türkmen döwlet medeniýet institutynda zähmet çekmek bilen, teatr sungaty fakultetiniň talyplary bilen önümçilik tejribeliginiň çäklerinde Ynsan ömri diýen okuw-synag filmini hem surata düşürýär, birnäçe filmler üçin edebi esaslary hem taýýarlaýar.Oraz Orazow Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşiginde önümçilige goýberilen Serpaý atly filmiň awtory hem režissýorydyr.

Bu filmiň wakasy meşhur şahyr Gurbannazar Ezizowyň durmuş ýoluny, onuň ýaşlygynyň geçen ýyllaryny öz içine alýar.Bu film hem kino muşdaklarymyzyň söýgüsine mynasyp bolan film bolupdy.Ol Türkmenfilm birleşiginde işlän döwründe ýolbaşçy wezipelerde hem işlemek bilen, işgärlere mylakatly, şol bir wagtyň özünde hem talabediji bolup, öz ukyp-başarnygyny iş tejribesi bilen utgaşdyrmagy başarypdy.

Onuň Türkmenfilm birleşiginde sylag-hormaty uludy, işgärlerinden döredijilikli işlemegi talap etmek bilen, ssenarileriň talabalaýyk ýazylmagy, filmleriň şowly çykmagy üçin jan aýaman işlärdi.Zehinli kinorežissýor O.Orazow bir gezek galamgärler bilen bolan söhbetdeşlikde şeýle diýipdi:Köneden gymmatyny gaçyrman gelýän baý däp-dessurlarymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat bähbitli, parahatçylyk söýüjilikli syýasatlaryny, şöhratly taryhymyzda yz galdyran milli gahrymanlarymyzy täsirli ekran eserleriniň üsti bilen dünýä ýaýmak her bir kino we telewideniýe işgäriniň borjudyr.

Mynasyp işlemek üçin ýokary tehniki mümkinçilikleriň döredilýän döwründe bu ugurda zähmetimizi gaýgyrmarys.O.Orazow bilen ençeme ýyllaryň dowamynda egin-egne berip bile işleşen halypa kinorežissýor Amanmuhammet Döwletow bolsa şeýle diýýär:Oraz tüýs kino sungaty üçin dünýä inen ynsandy.

Muňa biz onuň iş tejribesini synlanymyzda hem doly göz ýetiripdik.Ol tüýs sungata, onda-da kino sungatyna berlen ynsandy.Ol kino sungatyny Watanyny, maşgalasyny, muşdaklaryny söýşi ýaly söýýärdi. 2021-nji ýylyň sentýabrynda aramyzdan giden zehinli sungat işgäri, kinorežissýor Oraz Orazow biziň ýüreklerimizde baky ýaşar.

Akmyrat HOJABERDIÝEW,Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň hünärmeni.

Ýene degişli makalalar

Ene mähri diýen ada mynasyp bolan zenanlaryň sanawy paýlaşyldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmen türgenleri jiu-jitsu boýunça Gresiýada geçirilen dünýä çempionatynda 18 medal gazandylar
"Mukamlar köşgünde" Aşgabatdan Pariže aýdym-saz "syýahaty" boldy