Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde, şeýle-de welaýat merkezlerinde ýurdumyzyň döredijilik başarnyklary, bilimde, sportda hem-de sungatda gazanan üstünlikleri bilen aýratyn tapawutlanan zehinli çagalara Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyny gowşurmak dabaralary boldy. Ýaş nesli kämillik basgançaklarynda has-da höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan her ýyl yglan edilýän bäsleşik ýaşy 16-dan geçmedik zehinli çagalardyr ýetginjekleri, şeýle-de göreldeli çagalar döredijilik toparlaryny ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe bolýar.
Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna milli saz gurallarymyzda halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirýän, döredijiligiň dürli ugurlary bilen içgin iş salyşýan, okuw derslerinde aýratyn ukyp-başarnyklaryny görkezýän, sport ýaryşlarynda, dürli bäsleşiklerde ýeňiji bolan çagalardyr ýetginjekler, çagalar aýdym-saz we tans toparlary ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleridir orta mekdepleri tarapyndan hödürlenilýär. Ýeňijileri saýlamakda olaryň soňky üç ýylyň dowamynda gazanan üstünlikleri, döredijilik işleri, guramaçylyk başarnygy, jemgyýetçilik işjeňligi göz öňünde tutulýar.
Geçen ýyl yglan edilen bäsleşigiň netijeleri boýunça şu gezek zehinli çagalaryň jemi 63-si, şeýle-de çagalar döredijilik toparlarynyň 2-si, has takygy, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň Deprekçiler topary hem-de Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Gazojak şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň Bagşylar ansambly topary ýeňiji boldy.
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde paýtagtymyz Aşgabat şäheri boýunça ýeňiji bolan zehinli çagalaryň 13-sine bu arzyly baýrak gowşuryldy. Ýeňijileri sylaglamak dabaralary halkymyzyň Arkadagly zamanasynyň şadyýan çagalarynyň ýerine ýetiren şowhunly aýdym-sazlary bilen utgaşyp gitdi.
Olar öz çykyşlarynda ýaş nesliň röwşen geljegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimizi, iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurdy — jan Watanymyz Türkmenistany, bagtly çagalygy, durmuşyň ajaýyplyklaryny çaga kalbynyň joşguny bilen belentden wasp etdiler.
Türkmen aýdym-saz sungatynyň ýyldyzy, körpe bagşy Gulbabanyň adyny göterýän baýragyň eýeleri barha kämilleşmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň adyna päkize çaga ýüreginiň töründen çykýan alkyşlaryny beýan edip, Watanymyzy has-da gülledip ösdürjek nesiller bolup ýetişjekdiklerine ynandyrdylar.
Aýmyrat PIRJIKOW