Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan sergide žiwopis we heýkeltaraşlyk eserleriniň, şeýle hem amaly-haşam sungaty işleriniň nusgalary goýlupdyr. Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň gününe baryşlanan sergide tanymal nakgaşlaryň, ýazyjy-şahyrlaryň, bagşy-sazandalaryň portretleri görkezilýär.
Şeýle işleriň biri-de Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň portretidir. Şahyr eline kitap alyp, kürsüde jaýlaşykly ornaşyp, täze eseriniň pikirini edip otyr Ýarly Baýramow ony şeýle şekillendiripdir.
Tanymal nakgaşyň beýleki biri işi Yzzat Gylyjowa bagyşlanypdyr. Onuň portreti 60-njy ýyllaryň ýörelgelerine mahsus tilsimde çekilipdir, täsirli ýagtylyk-kölege çalşyklary Y. Gylyjowa mahsus tilsimiň estetiki ugruny nygtaýar.
Durdy Baýramowyň çeken kompozitor, Türkmenistanyň halk artisti Aman Agajykowyň portreti-de çeper çykypdyr. Reňkleriň sazlaşygy saz äleminiň syrlylygyny nygtaýar.
Nikolaý Terpsihorowyň portreti bu ýere gelenleriň ünsüni özüne çekýär. 1934-nji ýylda belli nakgaş we onuň kärdeşleriniň bir topary ýerli žiwopisçiler bilen tanyşmak üçin Türkmenistana gelýärler.Terpsihorowdan şol sapardan ýadygärlik hökmüde Jemgyýet obasynda we Çeşmäniň başynda suratlary galypdyr, olar Şekillendiriş sungaty muzeýiniň zallarynyň birinde görkezilýär. 1957-nji ýylda bolsa žiwopis ussady bilen ýakyndan tanyş bolan Wladimir Pawloskiý Terpsihorowyň portretini çekýär.
Nyýazmyrat Dowodow Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdi Kerbabaýewiň oba adamlary bilen söhbetdeşligini şekillendiripdir. Onuň ýordmunynda adaja şemally howada açyk meýdanda ýazylan halyda Aýgytly ädim romanynyň awtory bilen söhbet gyzygypdyr. Nyýazmyrat Dowodow a ajaýyp ýazyjynyň daş keşbiniň meňzeşligini gazanmak we döredijilik joşgunyny beýan etmek başardypdyr.
Ine-de, Aýhan Hajyýýewiň çeken Magtymgulynyň nusgawy portreti, onda ýüzi nurana şahyr täze goşgusynyň pikirini edip otyr.
...Güneşli günleriň birinde gyzlar eline Magtymgulynyň kitabyny alyp, baýra çykypdyrlar. Olaryň biri şahyryň goşgylaryny okaýar, beýlekileri bolsa töweregiň aýajyp gözelligine maýyl bolup, dürdäne setirlere gulak asýarlar. Gülälekler ýere mahmal haly görk berse, ho-ol alysdaky dag gaýalary gün şöhlesine dürli röwüşde ýalpyldap dur. Magtymgulynyň ilinde atly bu suratyň awtory Annadurdy Almämmedow.
Natalýa Kalugyina türkmen nakgaşlary Babasary Annamyradowyň, Saragt Babaýewiň, Saparmämmet Meredowyň, Maral Ataýewanyň, Solmaz Muhammedowanyň, Wladimir Pawloskiniň, Çary Amangeldiýewiň, Möjek Çaryýewiň we beýlekileriň fotosuratlaryny sergä hödürläpdir. Tanymal nakgaşlaryň portretleriniň ýanynda goýlan, molbertiň öňüne geçip, žiwopisde ilkinji ädimlerini ädýän gyzjagazyň suratynyň üýtgeşik manysy bar.
Şekillendiriş sungaty muzeýine gelýänler Kakajan Oraznepesowyň Ýedigenler suratynyň ýanynda aýak çekseler gerek. Onda awtor türkmen milli žiwopis mekdebiniň ösüşinde täze tapgyryň wekilleri bolan Stanislaw Babikowyň, Dyrdy Baýramowyň, Mämmet Mämmedowyň, Şajan Akmuhammedowyň, Çary Amangeldiýewiň, Gulnazar Bekmyradowyň, Juma Amandurdyýewiň suratlaryny ýerleşdiripdir.