Zehin güzerini boýlan halypa atly döredijilik duşuşygy geçirildi

Zehin güzerini boýlan halypa atly döredijilik duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri halypa şahyr, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň doglan gününiň 75 ýyllygyna bagyşlap Zehin güzerini boýlan halypa ady bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi.

Duşuşyga Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň kitaphanaçylary we döredijilik işgärleri gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda zehinli şahyryň döredijiligi barada täsirli gürrüňler edildi. Şahyryň döreden ajaýyp şygyrlary baradaky gürrüňler çärä gatnaşanlarda uly gyzyklanma döretdi. Gurnalan sergi hem uly täsir galdyrdy.

Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň döredijiligini giňişleýin öwrenip, geljekki nesillere ýetirmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GDA-NYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL SAMMITINE GATNAŞDY
Türkmenistan ata mekan Garaşsyz
Arkadagly Ýaşlar atly elektron žurnalyň 9-njy sany okyjylara ýetirildi
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANY BILEN DUŞUŞYGY
Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň täze desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Garagumda täze sport ulagyny dolandyryp, synagdan geçirdi