ЗАВЕРШИЛСЯ РАБОЧИЙ ВИЗИТ НАЦИОНАЛЬНОГО ЛИДЕРА ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА, ПРЕДСЕДАТЕЛЯ ХАЛК МАСЛАХАТЫ ТУРКМЕНИСТАНА В ИСЛАМСКУЮ РЕСПУБЛИКУ ИРАН

ЗАВЕРШИЛСЯ РАБОЧИЙ ВИЗИТ НАЦИОНАЛЬНОГО ЛИДЕРА ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА, ПРЕДСЕДАТЕЛЯ ХАЛК МАСЛАХАТЫ ТУРКМЕНИСТАНА В ИСЛАМСКУЮ РЕСПУБЛИКУ ИРАН

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary tamamlandy.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn — 30-njy maýda Tähranda Gahryman Arkadagymyzyň EYR-nyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşygy boldy.Onuň gün tertibine ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde okgunly ösdürilýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň meseleleriniň tutuş toplumy girizildi.

Geçirilen gepleşikler Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň däp bolan dostlukly döwletara dialoga berk ygrarlydyklaryny görkezdi.Duşuşygyň jemleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy hem-de resminamalar toplumyna gol çekildi, Bilelikdäki Jarnama kabul edildi.

Jarnamada iki dostlukly goňşy ýurduň geljekde-de ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalary tassyklanylýar.

Saparyň birinji gününde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygy Sadek Amoli Larijani bilen duşuşdy.Duşuşygyň dowamynda ileri tutulýan ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, türkmen-eýran gatnaşyklaryny häzirki döwrüň ýagdaýlaryna laýyk gelýän täze derejä çykarmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we EYR-nyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Şol gün Gahryman Arkadagymyz Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf bilen duşuşdy. Türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Şu maksat bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri parlamentara topary döretmek baradaky teklibi beýan etdi.

Şeýle hem saparyň barşynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalarynyň Tähranda eýran kärdeşleri bilen duşuşyklary we gepleşikleri geçirendiklerini bellemek gerek.Olarda birnäçe pudaklara degişli, geçen ýyl hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň şu gezekki iş saparynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ulag, ýangyç-energetika toplumy, elektroenergetika, oba we suw hojalygy, ýol we şäher gurluşygy, maliýe-bank toplumy, gümrük edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Şu gün Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň “Mapna Group” senagat toplumyna baryp gördi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy toplumyň ýolbaşçylary we wekilleri tüýs ýürekden mübärekläp, Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri onlarça kompaniýany özünde jemleýän toplumyň işi bilen giňişleýin tanyşdyryldy.

Gahryman Arkadagymyz mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzda senagatlaşdyrmak boýunça uzak möhletleýin strategiýanyň amala aşyrylýandygy hem-de uly ykdysady kuwwatyň bardygy bilen şertlendirilendir.

Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljegi barada pikir alyşmalardan soňra, türkmen halkynyň Milli Liderine giň ugurlary öz gerimine alýan bu toplumyň işleri barada doly düşünje berýän özboluşly tanyşdyryş çäresine öwrülen wideorolik görkezildi.

Bu ýerde energetika desgalarynyň taslamalaryny düzmek we olary gurmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, nebitgaz, demir ýol hem-de beýleki senagat taslamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek, şol sanda ugurdaş düzümleri, esasy we kömekçi enjamlary — gaz we bug turbinalaryny, elektrik energiýasyny işläp çykarmak üçin utgaşykly enjamlary öndürmek, suw arassalamak, demir ýol otlularynyň düzümi üçin lokomotiwleri we beýlekileri öndürmek işleri alnyp barylýar.

Mundan başga-da, kompaniýalar topary ulag ulgamlaryny ulanmak hem-de olara tehniki taýdan hyzmat etmek işlerine ýöriteleşdirilendir. Şeýle-de ol bu ulgamlary elektrikleşdirmek işleri bilen meşgullanýar.Elektromobilleriň önümçiligi üçin düzümleri ösdürmek hem-de olar üçin energiýa beriji stansiýalary gurmak bu holdingiň ulag ulgamynda alyp barýan işleriniň ýene bir ugrudyr.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu senagat toplumynyň önümleriniň sergisi bilen tanyşdy. Hususan-da, bu ýerde enjamlaryň dürli görnüşleriniň nusgalary, “akylly” öýleriň, demir ýol düzümleriniň, awtomobilleriň we beýlekileriň nusgalary görkezildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösdürilmegine, onuň sanly we tehnologik häsiýetli ulgama geçirilmegine, hususy bölegiň höweslendirilmegine, ähli pudaklara öňdebaryjy, ekologik taýdan arassa tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler maksatnamalary amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda düýpli özgertmeler ýaýbaňlandyryldy, häzirki wagtda olar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, innowasion häsiýetli önümçilikleriň döredilmegine gönükdirilen, ýerli çig mal esasynda içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan dürli görnüşli önümleri öndürýän senagat toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Bularyň ählisi milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny görkezýär, Türkmenistanyň maýa goýum babatda özüne çekijilik derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär, netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, geljegi uly bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri emele getirýär.

Energetika hyzmatdaşlygy barada aýdylanda, bu ugurda ägirt uly kuwwata eýe bolan ýurdumyzda ýangyç-energetika toplumynyň hem-de elektroenergetikanyň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösdürilmegine-de uly üns berilýär.

Munuň üçin ähli amatly mümkinçilikler, hususan-da, Gün we ýel energiýasyny peýdalanmak boýunça binýatlaýyn işläp taýýarlamalar bar.Muňa Türkmenistanyň tebigy-howa şertleri hem ýardam berýär.

Ulag-kommunikasiýa toplumynda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar.Ugurdaş düzümleri düýpli döwrebaplaşdyrmak strategiýasyny amala aşyrýan biziň ýurdumyz birnäçe halkara başlangyçlar bilen çykyş etdi. Şol teklipler möhüm ähmiýete eýe bolmak bilen, hyzmatdaşlarymyzda uly gyzyklanma döredýär.

Sebäbi ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biridir.Ol dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna hem-de deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýär, BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde aýratyn orny eýeleýär.

Häzirki zaman şertlerinde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak hem-de ulag ulgamy şäherleridir obalary ösdürmegiň ekologik talaplary bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Watanymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde ýerleşýän täze Arkadag şäherinde jemgyýetçilik ulagy hökmünde elektrobuslary we elektromobilleri ulanmak meýilleşdirilýär. Munuň özi şäher gurşawyna “ýaşyl” tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýan “akylly” şäher konsepsiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Sergi bilen tanyşlykdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri biziň ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny nygtady.

Senagat toplumynyň ýolbaşçylary öz işlerine gyzyklanma bildirendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, eýran tarapynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek tassykladylar.

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşdy.

Eýranyň Beýik ruhy lideri öz kabulhanasynda Gahryman Arkadagymyzy mähirli mübärekläp, döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we netijeli häsiýetini belledi. Taryhy taýdan emele gelen dost-doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary onuň ygtybarly binýadyny emele getirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri gadymy eýran topragynda mähirli kabul edilendigi we ýurdumyzyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin Aýatolla Ali Hameneýä minnetdarlyk bildirip, şu gezekki duşuşyga örän şatdygyny aýtdy. Mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň adyndan Eýranyň Beýik ruhy liderine iki döwletiň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagyna goşýan şahsy goşandy üçin hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda köpýyllyk türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň köpugurly we işjeň häsiýeti nygtaldy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan Eýran bilen doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine Türkmenistanda uly ähmiýet berilýär.

Söhbetdeşligiň barşynda döwletleri hem-de olaryň halklaryny hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň birleşdirýändigine üns çekildi. Üýtgewsiz erk-islege daýanýan gatnaşyklar özara ynanyşykly, deňhukukly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine hem-de oňa täze kuwwat berjekdigine ynam bildirildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 30 ýyldan gowrak wagt mundan ozal ýola goýuldy.Geçen ýyllaryň dowamynda döwletara hyzmatdaşlyk strategik derejä çykaryldy.

Eýran ilkinjileriň biri bolup Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny hem-de Bitaraplyk hukuk derejesini goldady we ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň esasy edaralaryna, düzümlerine agzalyga saýlanmagyna ýardam berdi.Biziň ýurtlarymyz dünýä giňişliginde netijeli hyzmatdaşlyk etmek bilen, halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça birek-biregiň oňyn başlangyçlaryny we tekliplerini goldaýarlar.

Söwda-ykdysady ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.Bu ugurda anyk netijelere gönükdirilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin mümkinçilikler bar.Hususan-da, ulag, nebitgaz, energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň giň mümkinçilikleri açylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň iýun aýynda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň şu gezekki iş saparynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar, gol çekilen resminamalar aýratyn ähmiýete eýedir.

Olaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagy dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna ýardam berer.

Şunuň bilen birlikde, däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy. Bu ugurda geçirilýän bilelikdäki çäreler iki halkyň ruhy taýdan baýlaşmagyna, has-da ýakynlaşmagyna ýardam berýär. Türkmenistan bilen Eýran bu netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, şol sanda bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, ekologiýa ugurlary boýunça gatnaşyklaryň giňeldilmegine, iki döwletiň sebitleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna taýýardyrlar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow doganlyk ýurtda mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, Aýatolla Ali Hameneýini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Gahryman Arkadagymyz we EYR-nyň Beýik ruhy lideri hoşlaşanlarynda, birek-birege hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş saparyny tamamlap, Tähranyň “Mehrabad” Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.

Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.

Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili bilen söhbetdeşligi boldy. Diplomat Gahryman Arkadagymyzy mizemez dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda täze, netijeli tapgyra öwrülen bu saparyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady.

Milli Liderimiz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Eýranyň Prezidenti bilen Tähranda geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.Muňa gol çekilen resminamalar toplumy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şolaryň hatarynda elektroenergetika, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamalar, daşary syýasat edaralarynyň, gümrük gulluklarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen Maksatnamalar bar.

Dostluk we özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň jemleri Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky kabul edilen Bilelikdäki Jarnamada öz beýanyny tapdy.

Şunda Gahryman Arkadagymyzyň Eýranyň Beýik ruhy lideri, Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň hem-de EYR-nyň parlamentiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary öz içine alan saparynyň maksatnamasynyň baý many-mazmuny aýratyn bellenildi. Şeýlelikde, taraplaryň däp bolan döwletara gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmaga taýýardyklary tassyklanyldy.

***

Şu gün Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň dowamynda ýanynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa özi üçin taýýarlanan medeni maksatnamanyň çäklerinde Eýranyň Milli gymmat bahaly daşlar we Haly muzeýlerine baryp gördi.

Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy Eýranyň paýtagty Tähranda ýerleşýän Milli gymmat bahaly daşlar muzeýine bardy.

Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa eýran halkynyň baý sungatyny gorap saklamak, müňýyllyklara uzaýan taryhyny wagyz etmek maksady bilen döredilen muzeýiň gymmatlyklaryny uly gyzyklanma bilen synlady. Milli Liderimiziň maşgalasy muzeýe baryp görendigi barada ýatlama hökmünde ýadygärlik sowgat gowşurdy.

Milli gymmat bahaly daşlar muzeýiniň gymmatlyklary bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Eýranyň Haly muzeýine tarap ugrady.

Eýranyň Haly muzeýi iki gatly döwrebap binada ýerleşýär. Onuň meýdany 3 müň 400 inedördül metre deňdir. Bu ýerde muzeýde görkezilýän sungat eserleriniň döredilişi bilen baglanyşykly gyzykly maglumatlar bilen tanyşmak mümkindir. Eýranyň Haly muzeýi özünde bu ugra degişli pars, arap, fransuz, iňlis we nemes dillerindäki kitaplary saklaýan kitaphana eýe bolan möhüm barlag merkezidir.

Mälim bolşy ýaly, özüniň nagyşlarynda halkyň taryhyny we ruhy-ahlak ýörelgelerini alamatlandyrýan türkmen halylary hem döwürleriň içinden eriş-argaç bolup geçýär.Türkmenistanyň däp bolan halyçylyk sungaty 2019-njy ýylyň dekabrynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi.

Munuň özi çeper elli zenanlarymyzyň dokan ajaýyp türkmen halylarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan sungatyň gaýtalanmajak ýadygärligi hökmünde ykrar edilmeginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.Bu pudagyň öňdebaryjy işgärlerine Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakylýar.

Şeýle hem 2022-nji ýylyň maý aýynda milli halyçylyk sungatyny ösdürmekde bitiren işleri, köp ýyllaryň dowamynda çeken tutanýerli we halal zähmeti üçin çeper elli halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly adyň dakylandygyny bellemek gerek.

Türkmenistanyň medeni merkezleriniň biri bolan Türkmen halysynyň milli muzeýinde 2 müňe golaý haly eksponaty ýerleşdirilendir. Şolaryň hatarynda seýrek duş gelýänleri hem bardyr. Muzeýdäki açar götermek üçin niýetlenen iň kiçijik haly muňa mysal bolup biler. Umumy meýdany 301 inedördül metr bolan dünýäde iň uly elde dokalan haly bolsa Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI
Türkmen-eýran medeni dostlugy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkmenistan — Eýran: köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň ýoly bilen
Türkmen-eýran işewürler maslahaty
Türkmenistan-ÝUNESKO: hyzmatdaşlyk ösdürilýär