Eýranyň Daşary işler ministri Kuweýtiň we Bosniýanyň Daşary işler ministrleri bilen duşuşyp maslahatlaşdy.
EýranPress habarlar gullugynyň habaryna görä Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasyna gatnaşmak üçin Tähranda bolan Kuweýtiň Daşary işler ministri Ahmad Nasser al-Muhammet al-Sabah penşenbe güni Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebitiň soňky wakalary barada pikir alyşdy.
Zarif bu duşuşykda Eýran bilen Kuweýtiň arasyndaky hormat goýýan, dostlukly we ýakyn gatnaşyklary wasp etdi, şol bir wagtyň özünde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin edilen giňişleýin tagallalary gözden geçirmek bilen Eýran Yslam Respublikasynyň goňşulary bilen gatnaşyklary giňeltmek baradaky kesgitli syýasatynyň çäginde geljekki hökümetde bu tagallalaryň dowam etdiriljekdigini we öňe sürüljekdigini mälim etdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasyna gatnaşmak üçin Tähranda bolan Bosniýa we Gersegowinanyň Daşary işler ministri Bisra Türkowiç hem şu gün Zarif bilen duşuşdy.
Duşuşykda iki tarap sebitleýin we halkara özgerişler we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň soňky ýagdaýy barada pikir alyşdylar.
Duşuşykda Eýranyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Bosniýa we Gersegowinany doly goldaýandygyny aýtdy.