Eýranyň Daşary işler ministri we Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti gyzyklanýan meseleler bilen duşuşdy we ara alyp maslahatlaşdy.
Daşary işler ministrliginiň habaryna görä Eýranyň Daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarif şu gün agşam (çarşenbe) ermeni resmileri bilen duşuşygyny dowam etdirýär we soňky sapary wagtynda Ermenistanyň prezidenti Ermen Sargsýan bilen duşuşdy.ol bu duşuşykda Iki ýurduň arasyndaky dostlukly we taryhy gatnaşyklara salgylanyp, Eýranyň sebitdäki parahatçylyga we durnuklylyga ygrarlydygyny gaýtalady.
Eýranyň goňşy ýurtlaryň arasyndaky dawalary çözmek boýunça tagallalara kömek bermäge taýýardygyny aýdyp, Zarif sebitdäki ýurtlaryň territorial bitewiligini goramagyň we halkara hukugyna hormat goýmagyň möhümdigini aýtdy.
Ermenistanyň prezidenti Serz Sargsyan, Eýran bilen Ermenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň möhümdigini aýdyp Ermenistanyň Eýrany ygtybarly hyzmatdaş we dost hasaplaýandygyny aýtdy.
Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Bakuwa geleninden soň saparynyň ikinji nokady bolan Ýerewana bardy we Ermenistanyň premýer-ministriň wezipesini we Ermenistan Daşary işler ministrligi wezipesini ýerine ýetiriji resmiler bilen duşuşdy.