Zara brendiniň eýesiniň girdejisi ýokary derejede artdy

Zara brendiniň eýesiniň girdejisi ýokary derejede artdy

Ispaniýanyň Inditex egin-eşik dükanlary zynjyrynyň sap girdejisi geçen 2022-nji ýylda ondan öňki ýyldaky ýagdaý bilen deňeşdirilende, 27 göterim artdy. Kompaniýa Zara we Bershka brendleriniň eýesidir. Bu barada toparyň saýtynda çap edilen maglumatlarda aýdylýar diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan Trend ýazýar.

Habarda sap girdejiniň 4,13 milliard ýewro deň bolandygy aýdylýar, satuwlaryň möçberi 32,569 mlrd ýewro ýetdi we 2021-nji ýylyň görkezijilerinden 17,5 göterim artykdyr.

Inditex ispaniýaly Amansio Ortego tarapyndan esaslandyryldy. Onuň dünýäniň 100 ýurdunda 7 müň sany dükany bar. Kompaniýanyň has meşhur söwda ýarlyklary Zara, Pull&Bear, Massimo Dutti, Bershka, Stradivarius we Oysho bolup durýar.

Ýene degişli makalalar

Ispaniýada Garrylar Öýünde Bolan Ýangynda 10 Adam Ýogaldy
Brandcoll müşderilere ähli gerek harydy bir ýerde hödürleýär
17 ýaşynda tutuş dünýäni aýlanan iň ýaş uçarman boldy
Rekordçy doganlar
Ispaniýadaky Tokaý Ýangynlary Dowam Edýär
Dünýäde iň köp welosiped sürülýän ýurtlar haýsylar?
Hatibzadeh: Hirmand derýasyndan Eýranyň suw paýyny almaklygy kanuny kanallar arkally yzarlap durandyrys