Russiýanyň Döwlet Atom energiýa guramasy Rosatom, atom elektrik bekedindäki sowadyş ulgamynda ýüze çykan ýangynyň umuman alynanda söndürilendigini habar berdi, ýangyn sebäpli bolsa Russiýa we Ukraina biri-birlerini günäkärledi.
Rosatom guramasyndan Rus habarlar agentliklerine berilen beýanatda, Zaparožýe atom elektrik bekediniň sowadyş ulgamynda ýüze çykan ýangynyň, Ukrainanyň uçarmansyz howa ulagy bilen guralan hüjüm sebäpli başlandygy mälim edildi.
Desganyň sowadyş ulgamyna uly zyýan ýetiren hüjümiň netijesinde ýüze çykan ýangynyň umuman alynanda söndürilendigi bellenen beýanatda: "Bu wakany ukrainaly resmilere degişli atom terrory hökmünde häsýetlendirip bolar" diýip beýan edildi.
Zaparožýeniň rus tarapyndan bellenen häkimi Ýewgeniý Balitskiý beren ýazmaça beýanatynda, ýangynyň gözegçilik astyna alynandygyny we sebite hiç hili howpuň abanmaýandygyny habar berdi.
Ýewgeniý Balitskiý ozal beren ýazmaça beýanatynda bolsa, Ukrainanyň goşunynyň toplar bilen guran hüjümleri sebäpli Zaparožýe atom elektrik bekediniň sowadyş ulgamynda ýangynyň ýüze çykandygyny mälim edipdi.
Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý bolsa ýangyn bilen bagly: "Ýangyn Russiýa tarapyndan ýüze çykaryldy" diýip habar berdi.
Zelenskiý X sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Rus basyp alyjylaryň Zaparožýe atom elektrik bekedinde ýangynyň ýüze çykarylandygyny hasaba aldyk" diýip belläpdi.
Radiasiýa derejesiniň ilkinji kesgitlemelere görä kadalydygyny aýdan Zelenskiý, onuň şol bir görnüşde dowam etmän biljekdigini nygtady.
Zelenskiý Russiýanyň atom elektrik bekedini basyp alan ilkinji günden bäri Ukraina, Ýewropa we dünýäni şantaž etmek üçin ulanandygyny beýan etdi.
Dünýäniň we Halkara Atom energiýasy agentligini işe girişmegine garaşýandyklaryny aýdan Zelenskiý: "Russiýa ondan jogapkär saýylmaly. Diňe Ukrainanyň Zaparožýe atom elektrik bekedindäki gözegçiligi kadaly we howpsuz ýagdaýy kepillendirip biler" diýip habar berdi.
Ukrainanyň günorta-gündogaryndaky Zaparožýe atom elektrik bekedi, Ýewropanyň iň uly atom elektrik bekedi ýagdaýyndadyr.
Desga 2022-nji ýylyň mart aýynda ruslar tarapyndan basylyp alynypdy. Häzirki wagtda rus goşunynyň gözegçiligi astynda bolan desganyň töweregine toplar we uçarmansyz howa ulaglary bilen hüjümler guralýar, Ukraina we Russiýa hüjümler sebäpli biri-birlerini günäkärleýärler.