Žaparow: Olimpiýa oýunlarynda gyrgyz, gazak we özbek janköýerleriniň jebisligine tutuş dünýä şaýat boldy

Žaparow: Olimpiýa oýunlarynda gyrgyz, gazak we özbek janköýerleriniň jebisligine tutuş dünýä şaýat boldy

Parižde geçen Olimpiýadada gyrgyz, gazak we özbek janköýerleriniň jebisligini bütin dünýä gördi diýip, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow olimpiýa ýeňijilerini sylaglamak dabarasynda aýtdy. Bu barada Sputnik Gygryzystan ýazýar.

Žaparow umumy taryhy kökleri, dili we ruhy bolan halklaryň jebisligine tutuş dünýäniň şaýat bolandygyny nygtap, oýunlarda gazanylan ýeňişleriň şatlygyny Merkezi Aziýa sebitiniň halklarynyň bilelikde paýlaşmagynyň gadymyýetden gelýän dostlugyň nobatdaky subutnamasy bolandygyny aýtdy.

Žaparow gyrgyz, gazak we özbek halklarynyň bilelikdäki raýdaşlygynyň has-da berkejekdigine ynam bildirdi.

Öň Özbegistandan türgen Akmal Hasanow gyrgyz boksçysy Munarbek Seýitmek oglunyň Pariž olimpiýadasynda final tutluşyga çykandygyny, şonda onuň şahsy türgenleşdirijisiniň Oýunlara gatnaşyp bilmändigini, boksça özbek türgenleşdirijisiniň kömege gelendigini gürrüň berdi.

Boks boýunça tutluşykda özbek janköýerleri Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň baýdaklaryny ýokary göterdiler.

Olimpiýa oýunlarynda altyn medal alan Bahodir Žalalow üçin janköýerler biziň watanymyzyň baýdagy bilen bilelikde, doganlarymyzyň Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň baýdaklaryny galdyrdylar.

Her ýurduň, tutuş sebitiň ýeňşi hemmämiziň ýeňşimiz. Sport birleşdirýär. Güýç birlikde! Öňe, Özbegistan! Öňe, Merkezi Aziýa! diýip, Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat kätibi Şerzod Asadow internet sahypasynda ýazdy.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Aripow Özbegistanyň Hökümet başlyklygyna gaýtadan saýlandy
Azerbaýjan, Garabagyň Gaýtadan Dikeldilmegi Üçin 12,9 Milliard Dollar Sarp Etdi
Adylbek Kasymaliýew Gyrgyzystanyň täze Premýer-ministri boldy
Sportuň taryhy
Türkmenistanyň boks ýygyndysy bütindünýä reýtinginde 71-nji orny eýeledi