Žaparow gyrgyz diplomatiýasynyň 3 müň ýyl ýaşandygyny aýtdy

Žaparow gyrgyz diplomatiýasynyň 3 müň ýyl ýaşandygyny aýtdy

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow öz halkynyň diplomatiýasynyň 3 müň ýyllyk ýaşynyň bardygyny aýtdy. Ol muny delillendirmek üçin hytaýly taryhçy Ýu Taýşanyň ylmy barlaglaryna esaslandy. Tanymal hytaýly taryhçy Ýu Taýşan öz işlerinde baryp X asyrda gyrgyz döwletiniň bolandygyny tassyklady, diýmek, biziň halkymyzyň diplomatik gullugy 3 müň ýyl mundan öň döräpdir diýen sözlerini TASS getirýär.

Žaparow bu barada Respublikanyň Daşary işler ministrliginiň döredilmeginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabarada aýtdy. Döwlet Baştutanynyň pikirine görä, gyrgyz halky şol döwürlerde diňe bir goňşy taýpalar däl, beýik şadöwletler bilen hem gatnaşyklary alyp barypdyrlar. Harby-syýasy bileleşikleri döredip, beýleki döwletler bilen ylalaşyklary baglaşypdyrlar. Mysal üçin, Hytaýda 643-747-nji ýyllar aralygynda 11 sany gyrgyz ilçisi hasaba alnypdyr.

Gyrgyzystanyň Prezidentiniň sözlerine görä, bu gün gyrgyz diplomatiýasy halkyň köp asyrlyk taryhyna we pähim-paýhasyna daýanýar.

Ýene degişli makalalar

Mederbek Satyýew Gyrgyzystanyň Ýokary kazyýetiniň başlyklygyna bellendi
6-njy dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Adylbek Kasymaliýew Gyrgyzystanyň täze Premýer-ministri boldy
Sadyr Žaparow Gurbanguly Berdimuhamedowa Magtymgulynyň gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysyny sowgat etdi
Aşgabatda Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumy öz işine başlady
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabatda geçirilen halkara forumdaky çykyşy