Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa, paýtagt Moskwa şäherinde hepdelik metbugat ýygnagynda gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi.
Türkiyede täze hökümetiň Russiýa we ABŞ bilen deňagramly gatnaşyklar ýola goýmagyna garaşyp-garaşmaýandyklary bilen bagly soraga jogap beren Mariýa Zaharowa, ähli zatdan ozal Türkiyäniň saýlanan Prezidenti Erdoganyň Ankaranyň Russiýa bilen iki ýurduň halklarynyň bahbitlerine laýyk gelýän, ikitaraplaýyn bähbide esaslanýan, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy özgertmäge dowam etmek niýetindedigi baradaky beýannamalaryna üns berýändiklerini habar berdi.
Mariýa Zaharowa: "Bular ýaly konstruktiw garaýşy goldaýarys. Öz adymyzdan bu görnüşli ikitaraplaýyn düşünişmegiň durmuşa geçirilmegini höweslendireris we orta çykjak netijelere gözegçilik ederis" diýip mälim etdi.