Zaharowa: "ABŞ-nyň Ýakyn Gündogarda barlygy durnuklylyk getirmez" diýdi

Zaharowa: "ABŞ-nyň Ýakyn Gündogarda barlygy durnuklylyk getirmez" diýdi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Mariýa Zaharowa gündelik metbugat ýygnagynda Anadoly habarlar agentliginiň wekiliniň, Pentagonyň Ýakyn Gündogara THAAD we Patriot howa goranyş ulgamlaryny ýerleşdirmek baradaky kararyna garşy Russiýanyň haýsy ädimleri etjekdigi bilen bagly soragyna jogap berdi. Zaharowa ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky barlygynyň durnuklylyk getirmejekdigini mälim etdi.

Zaharowa: "Tersine bilişiňiz ýaly ençeme ýyla uzap giden düşünişmezçiligiň hakyky sebäplerini görmediksireýän Waşingtonyň Ýakyn Gündogar tapgyryny öz eline almak tagallalary, edil şu günki gün başdan geçirilýän pajyga derejesindäki netijä sebäp boldy. Sebit üçin zerur bolan zat Ysraýyl-Palestina dartgynlygynyň iň gysga wagtda bes edilmegidir, ABŞ-nyň ady agzalan sebite raketa ulgamlaryny sebite ýerleşdirmegi däldir" diýip belledi.

Mariýa Zaharowa ABŞ-nyň ädimleriniň Ýakyn Gündogardaky ýagdaýy has hem kynlaşdyrandygyny, dartgynlygy artdyrandygyny beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Russiýa gaz eksportyny bes etdi. Bu Özbegistanyň ýangyç ýetmezçiligi kynçylyklaryny çözmäge kömek edermi?
Zaharowanyň Uçary Bolgariýanyň Howa Giňişligine Kabul Edilmedi
Russiýa: "ABŞ jogapkärçilige çekilmeli" dıvdı
“Sebitde Ýüze Çykyp Biljek Haýsydyr Bir Dartgynlyk Gaza Sektoryndaky Ýagdaýy Has-da Agyrlaşdyrar”
Ukrainanyň Russiýanyň Belgorod Şäherine Guran Hüjüminde 6 Adam Ýogaldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny