
Mary welaýatynda öz janyna kast edýän adamlaryň sany birden köpelipdir. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan birnäçe ýerli çeşmäniň, şol sanda mollalaryň we ýaşaýjylaryň sözlerine görä, şäherlerde we obalarda pata geçirilende merhumlaryň köpüsi öz janyndan geçen adamlar.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan maryly çeşmeler "bir geňeşlikde 5-6 sany pata bar bolsa, şonuň 4-si öz janyna kast eden adamlaryňky" diýip, aýdýarlar.
"Patalar göz-görnetin köpeldi, muňa mollalar yzyna gara düşdi diýip, düşündirýärler" diýip, maryly oba ýaşaýjysy gürrüň berýär.
Adamlaryň öz janyna kast etmeginiň sebäpleri dürli, emma janyndan geçip, ýogalan adamlaryň ýakynlarynyň we tanyşlarynyň beren gürrüňlerinden merhumlaryň agyr maddy kynçylyklary başdan geçirendigi belli bolýar. "Pul ýetmezçiligi", "bergisi köpeldi" ýa-da "ummasyz pulyny aldaw ýoly bilen ellinden aldyrdy" diýlip düşündirilýär.
"Meniň garyndaşym döwlet edarasynda işleýärdi, alýan aýlygy hojalyk eklemäne ýetmänsoň, ilden karz we prosente pul aldy.Ol daşary ýurda işlemäge gitmek üçin bir aýal maşgalasyna 70 müň manat pul berdi.
Ol aýal iki ýyllyk Germaniýa döwletine işlemäne ugratýaryn diýip, ynandyrdy. 'Ajyň aňy bolmaz' diýilişi ýaly ynandyk we gidip işlese hojalygymyza gowy bolar diýen umytda bolduk.Emma aldandyk, beren pullarymyzy yzyna alyp bilmedik" diýip, maryly ýaşaýjy öz ýakynlarynyň başdan geçiren ýagdaýy barada gürrüň berdi.
Bu ýaşaýjynyň sözlerine görä, onuň garyndaşy öz bergisini üzmek üçin çykalga gözläpdir, emma çykgynsyz ýagdaýa düşenligine göz ýetirip, öz janyndan geçipdir.
Azatlyk Radiosy anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan çeşmeleriniň we öz janyna kast eden adamlaryň atlaryny we maşga ýagdaýyna degişli jikme-jik maglumatlary howpsuzlyk aladalary sebäpli agzamakdan saklanýar.
Başga bir maşgalanyň agzasynyň gürrüň bermegine, garyndaşynyň işsizlikden kösenmegi öz janyna kast etmegine getiripdir.
"Ol hiç ýerde işlänokdy. Şunça jan edip iş gözledi iş tapdyrmady.Her güni gelini bilen urşup sögüşerdiler.Soň özüni spirtli içgä berdi tapan pulyny içgä sarp ederdi.
Onuň gelini çagalaryny eklemekçi bolup ten satmana başlady.Ol oglum muny bilip, uzaga gitmedi.Ilki uksus işdi, emma ondan ölmedi, lukmanlar halas etdi.Soň özüni ýatakda asyp öldürdi" diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berdi.
Azatlygyň çeşmeleriniň sözlerine görä, öz janyna kast eden adamlaryň köpüsi maddy taýdan kynçylyk çekýän we agyr durmuş şertlerinde ýaşaýan adamlar.
"Köp adamyň kakasy ýa-da ejesi türmede. Şol hojalyklaryň eklenji kyn bolup, in soňunda 'şu durmuşdan doýdum, ýadadym, çekip çydajak boldum çydar ýaly bolmady' diýip, öz janlaryna kast edýänler az däl" diýip, ýene bir çeşme aýdýar.
Türkmenistan halkara hasabatlarynda türmä basylan raýatlarynyň sany boýunça öňde barýan we we türmedäki aýylganç şertleri bilen tapawutlanýan ýurtlaryň arasynda görkezilýär.
Türkmenistanyň hökümeti ýurtdaky sosial-ykdysady problemalary we halk köpçüliginiň agyr durmuş şertlerinde ýaşaýandygyny resmi taýdan boýun almaýar. Döwlet mediasy problemaly meseleler barada habar bermeýär. Pajygaly ýagdaýlary, ilatyň ölüm derejesini, şol sanda raýatlaryň janyna kast etmegini bilen bagly ýagdaýlary görkezýän resmi statistika çap edilmeýär.
Azatlygyň habarçylary soňky ýyllarda özüni heläklän we janyna kast etmäge synanyşan onlarça adam barada habar beripdi. Olaryň arasynda bergä batan, zähmet migrasiýasyndan ýurduna gaýdyp baran we ýurduň daşyna goýberilmedik uly ýaşly adamlar, şeýle-de mekdep okuwçylary bardy.
Geçen ýylyň iýulynda Türkmenabat şäheriniň kanun goraýjy edaralaryndaky çeşmeler bir aýyň dowamynda Lebap welaýatynda ýerli ýaşaýjylaryň öz janyna kast etmegine bilen bagly 16 wakanyň hasaba alnandygyny habar beripdi.
Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça 2019-njy ýylda çap bolan statistiki maglumatda Türkmenistanda ýylda her ýüz müň raýatdan 15.8 adamyň özüni heläkleýändigi we bu sanyň her 100 müň adama düşýän 11.4 adam diýlip, hasaplanýan dünýädäki ortaça görkezijiden ýokarydygy aýdyldy.
Bu sanlar Merkezi Aziýada 30 ýylyň dowamynda adamlaryň öz janlaryna kast etmegi boýunça şol ýylyň 3-nji iýulynda Duşenbede okalan jemgyýetçilik leksiýasynda öňe sürüldi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.