Yzygiderli elektrik kesilmeleriniň arasynda, häkimiýetler tygşytlylyk talaplaryny güýçlendirýär

Yzygiderli elektrik kesilmeleriniň arasynda, häkimiýetler tygşytlylyk talaplaryny güýçlendirýär

Balkanabat şäherinde we onuň eteklerinde ýerleşýän ilatly ýerlerde soňky on gün bäri yzygiderli gaýtalanýan elektrik kesilmeleriniň fonunda, ýerli häkimiýetler ilat arasynda elektrik energiýasyndan tygşytly peýdalanylmagyna gönükdirilen çärelerini güýçlendirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 12-nji iýunda sebitden maglumat berdi.

Ýerli ýaşaýjylar elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde emele gelýän bökdençlikleriň howanyň gyzmagy bilen has-da ýygjamlaşandygyny aýdýarlar.

Sebit merkezinde energiýa üpjünçiligi köplenç gysga wagtda dikeldilýär, ýöne tehniki işler çet sebitlerde uzaga çekýär.

“Balkanabatda we ýanaşyk sebitlerde soňky on gün bäri yzygiderli elektrik kesilmeleri bolup geçýär. Gumdag we Mollagara şäherçelerinde gündizlerine tas alty sagada golaý tok berilmeýär. Sebit merkezinde gysga wagtyň içinde meseläni çözüp bilýärler, ýöne günüň dowamynda azyndan üç gezek elektrik kesilýär” diýip, bir balkanly ýaşaýjy anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýerli ilat elektrik kesilmeleriniň yzygiderli gaýtalanmagyny howanyň gyzmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Yssy howada sarp edijileriň arasynda elektrik energiýasyna bolan talabyň artmagy bilen, kondisionerlerden we sowadyjylardan has köp peýdalanmaga ýykgyn edilýär.

Balkanabat şäheriniň bir ýaşaýjysy 7-8-nji iýunda howanyň temperaturasynyň ýokarlanyp, bu ýagdaýa parallel, şäheriň birnäçe kwartalynda elektrik kesilmeleriniň hasaba alnandygyny aýdýar.

“Geçen anna we şenbe günlerinde Balkanabatda howanyň temperaturasy 41, 44 gradusa çenli ýokarlandy. 2-nji, 5-nji we 6-njy kwartallarda transformatorlara agram düşdi. Elektrik geçiriji simler eräp, bökdençlik ýüze çykdy. Bu gezek iki sagadyň içinde kemçiligi düzetdiler. Ýöne çetki obarlarda şeýle hadysa ýüze çykan halatynda, tas iki günläp, elektrik energiýasy berilmeýär” diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Bu aralykda, häkimiýetler ilat arasynda elektrik energiýasyny tygşytlamaga gönükdirilen çäreleri güýçlendirýärler.

Ýerli häkimiýetler günbatar welaýatyň dolandyryş merkezinde mini marketlerde we bazarlaryň çäginde ýerleşýän dükanlarda sowadyjylaryň sanyny çäklendirýärler.

“Bir marketde, meselem, dürli firmalar tarapyndan birnäçe sowadyjy ulanylyp bilinýär. Häzirki wagtda bir dükanda diňe bir sowadyjydan peýdalanylmagyna rugsat berilýär” diýip, ýagdaýdan habarly çeşmeler aýdýar.

Energiýadan tygşytly peýdalanmak kampaniýalarynyň çäklerinde, hojalyklardaky kondisionerleriň sany hem çäklendirilýär.

Şäher ýaşaýjylar häzirki wagtda her bir hojalykda diňe bir sany kondisioneriň ulanylmagyna rugsat berilýändigini aýdýarlar.

“Bir hojalykda diňe bir kondisionerden peýdalanylmagyna rugsat berilýär. Artykmaç kodisionerleri söküp aýyrmak işleri alnyp barylýar” diýip, şäher ýaşaýjysy aýdýar.

Tomus paslynyň ilkinji hepdelerinde sebitiň elektrik üpjünçilik kärhanalary hem ilat arasynda hasaplaşyk işleriniň depginini güýçlendirýärler.

Türkmenistanda bäş ýyl ozal, 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda elektrik energiýasynyň üpjünçiligi tölegli görnüşe geçirildi. Ondan ozal, ýurduň ilaty elektrik energiýasyndan, tebigy gazdan we beýleki käbir ýeňilliklerden mugt peýdalanýardy.

Balkanabatda alnyp barylýan tygşytlylyk kampaniýalarynyň çäklerinde elektrik energiýasy bilen üpjünçilik kärhanalarynyň işgärleri hojalyklarda has az elektrik energiýasyny talap edýän LED lampalaryndan peýdalanylmagy boýunça düşündiriş işlerini ýygjamlaşdyrýarlar.

“Tygşytlylyk tagallalary gyşarnyksyz berjaý edilen halatynda, şäherde sarp edilýän umumy elektrik energiýasynyň möçberlerini tas 35 göterime çenli tygşytlamak mümkin. Ýöne adamlar tygşytlylyk çärelerinden nägile bolýarlar” diýip, bir elektrik üpjünçilik kärhanasynyň hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri ýurduň energetika kuwwatynyň artýandygyny, içerki sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň kanagatlandyrylýandygyny aýdýar, ýöne emele gelýän bökdençlikler barada habar bermeýär.

Azatlyk Radiosy günbatar sebitde gaýtalanýan elektrik kesilmeleri boýunça ýerli resmilerden teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanda ýaşaýjylaryň gaz üpjünçiligi gündizlerine öçürilýär
Sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslary
Horlanmaga päsgelçilik berýän önümler haýsylar?
Ýerli synçy: Demokratiýa maşgalada başlaýar
Motor ýagynyň aşa köp sarp edilmegine getirýän ýalňyşlyklar
Alymlar iýmitiň zaýalanmagynyň öňüni alýan bioaktiw paket (torba) döretdiler