Yzly-yzyna 5 Olimpiadada çempionlyk gazanan ilkinji türgen

Grek-rim göreş boýunça 130 kg agramda ady eýýämden rowaýatylaryň hataryna goşulan kubaly Mihain Lopes Nunýes bassyr 5-nji altyn medalyny gazandy.Ol finalda çilili Ýasmani Akostany ýeňlişe sezewar etdi. 42 ýaşyny doldurmaga golaýlap barýan Mihain Lopes ýekeleýin görnüşde yzly-yzyna 5 Olimpiadada altyn medal gazanan ilkinji türgen hökmünde adyny taryha ýazdyrdy.

Ol ýeňiş gazananyndan soň göreş aýakgabyny çykaryp, karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi.Pekin 2008 hem-de London 2012-de 120 kg agram derejesinde, Rio 2016-da, Tokio 2020-de hem-de Pariž 2024-de 130 kg agram derejesinde altyn medal gazanan Olimpiýa oýunlarynda çempionlyga ýeten iň ýaşuly göreşiji diýlip hem hasaba alyndy.

Bu agram derejesinde Parižde eýranly Amin Mirzazadeh bilen hytaýly Men Linçže bürünç medala mynasyp boldy.

60 kg agram derejesinde erkekleriň arasynda ýaponiýaly Keniçiro Fumito finalda hytaýly Kao Lugiony ýeňip, altyn medala mynasyp boldy. Gyrgyzystanly Žolaman Şarşanbekow bilen Demirgazyk koreýaly Se Un Ri bürünç medala eýelik etdiler.

Erkin göreş boýunça zenanlaryň arasynda 68 kg agram derejesinde amerikaly Amir Elot gyrgyzystanly Meerim Žumanazarowany ýeňip, altyn medaly eýeledi. Türkiýeli Buse Tosun Çawuşoglu bilen ýaponiýaly Nonoka Ozaku bürünç medal gazandylar.

Ýene degişli makalalar

Türk Türgenleri 5 Medal Aldy
Messiniň 100-nji goly
Transfer habarlary
Transfer habarlary
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
EUR0 2020-ä badalga berildi