NBA-da finala çykan 1-nji topar belli boldy.Günbatar konferensiýada 4-0 öňe saýlanan soňky çempion “Golden Steýt Warriors” bassyr 5-nji gezek finala çykdy.
Olar Günbatar konferensiýanyň finalynda “Portland Treýl Bleýzersi” 4 duşuşykda ýeňlişe sezewar etdi. 12-nji duşuşyklary öz meýdançasynda geçiren “Golden Steýt” degişlilikde, 116:94 hem-de 114:111 hasaplar bilen garşydaşyndan üstün çykdy. 34-nji oýunlarda myhmançylykda “Portlandy” 110:99 hem-de 119:117 (goşmaça wagtda) hasaplar bilen ýeňip, NBA-nyň finalyna adyny ýazdyrdy. “Golden Steýt” topary 19571966-njy ýyllar aralygynda bassyr 10 gezek finala çykan “Boston Seltiksden” soň, yzly-yzyna iň köp finala çykan 2-nji topar boldy.
Onuň finaldaky garşydaşy Gündogar konferensiýanyň finalynda duşuşýan “Milwaki Baks” ýa-da “Toronto Reptors” bolar. 5 duşuşyk tamamlanyp, ilkinji 2-sinde “Milwaki” ýeňiş gazandy (108:100, 125:103). Öz meýdançasynda geçiren 34-nji duşuşyklarynda bolsa, “Toronto” 118:112 hem-de 120:102 hasaplar bilen ýeňiş gazanyp, umumy hasaby deňledi.
Düýn oýnalan 5-nji oýunda bolsa, “Toronto” myhmançylykda 105:99 üstün çykyp, 32 öňe saýlandy.Iki toparyň arasyndaky 6-njy oýun ertir oýnalar.