Bäsleşigi Zenanlar guramasy gurady, ol türkmen zenanlarynyň durmuşdaky ornuny ýokarlandyrmaga, liderlik häsiýetlerini ösdürmäge we hünär başarnygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda geçirilen däbe öwrülen gözden geçiriliş: “Ýokary hünär başarnygy üçin ”, “Milli çeper el işler sungatyny saklap galmaga goşan goşandy üçin”, “Ruhy gymmatlyklary we milli medeni mirasy ýaýmaga goşan goşandy üçin”, “Çaga terbiýesindäki üstünlikleri üçin”, “Ýurduň goranyş ukybyny we jemgyýetde kanunçylygy berkitmäge goşan goşandy üçin”, “Oba senagat pudagyny ösdürmäge goşan goşandy üçin”, “Telelkeçilikde gazanan üstünlikleri üçin” ýaly ýedi ugurda saýlanan zenanlarymyzy kesgitleýär.
Onuň sebit tapgyrlarynyň netijesi boýunça welaýatlardan we paýtagtymyzdan tapawutlanan zenanlaryň 42-si saýlanyldy.
Emin agzalarynyň çözgüdi bilen şu aşakdakylar 2018-nji ýylyň tapawutlanan zenanlary diýlip yglan edildi:
Ahal welaýatynyň Sarags etrabynyň RÝNÝ-nyň bölüm müdiri, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly bilen sylaglanan Gurbansoltan Annaýewa;
Aşgabatdan Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy, özboluşly gelşikli zenan şaý-seplerini ýasaýan zehinli zergär, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda geçirilen bäsleşiginiň baýragyna mynasyp bolan Aýjemal Çaryýewa;
Daşoguz welaýatynyň Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň 33-nji orta mekdebiniň çeperçilik sungaty mugallymy, keramikaçy, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda geçirilen bäsleşiginiň baýragyna mynasyp bolan Sähra Ataýewa;
Mary welaýatynyň Mary etrabyndan “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan köp çagaly ene Aýjemal Babaýewa;
Harby instituty tamamlandan soň serkerde adamsy bilen Balkan welaýatynda gulluk edýän deňiz goşunynyň uly leýtenanty Oguljeren Atabaýewa;
Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndan Aýsara Ergeşowa on bäş ýyl mundan ozal adamsy bilen dört gektar ýeri kärendesine alypdy. Indi Ergeşowlar pagtadan we galladan ýokary hasyl almagyň ussatlary hökmünde etrabyň çäginden daşarda-da tanalýar. Tutanýerli päk zähmeti üçin Aýsara “Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medal bilen hem sylaglandy.
Jennet Annagulyýewanyň “Mukam” toý bezegjaýynda işleýän tikinçilik sehinde durmuş gurýan gyzlar üçin olaryň tabşyry boýunça milli toý eşikleri tikilýär. Bezegjaýynyň bezegçileri toý mekanlarydyr ulagy bezese, ýaş çatynjalara timar berýänler olar üçin ýatdan çykmajak keşp döredýärler.
Bu ýerde gurnalan žiwopis we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi çäre bilen sazlaşykly utgaşdy.