Ýylyň zenany bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Ýylyň zenany bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Aşgabat şäherindäki Gül zemin söwda-dynç alyş merkeziniň Altyn toý mekanynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen Ýylyň zenany atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň welaýatlarda hem-de Aşgabat şäherinde geçirilen deslapky tapgyrlarynda öňe saýlanmagy başaran gelin-gyzlar gatnaşdylar we 7 ugur boýunça bäsleşip, öz başarnyklaryny görkezdiler.

Türkmenistan gazetiniň habar bermegine görä, bäsleşik çekeleşikli geçirilip, ol gyzykly pursatlara baý boldy. Her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşigiň nobatdaky tapgyry hem üstünlikli geçirildi. Onuň ahyrynda eminler toparynyň gelen netijesine görä:

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan ýokary guramaçylyk ukyby üçin diýen ugur boýunça Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 1-nji Saglyk öýüniň baş lukmanynyň bejeriş işleri boýunça orunbasary Amandursun Orazmuhammedowa;

Ýylyň işewür zenany, Berkarar döwletimizde el hünärini dikeldýändigi we kämilleşdirýändigi üçin diýen ugur boýunça Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň 26-njy orta mekdebiniň surat we çyzuw mugallymy Habiba Hojaniýazowa Ýylyň çeper elli zenany diýen atlara mynasyp bolmagy başardylar;

Türkmeniň gadymy ruhy gymmatlyklaryny we milli medeni mirasymyzy dünýä ýaýmakdaky asylly işleri üçin diýen ugur boýunça Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap medeniýet bölüminiň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Ajap Annamanowa Ýylyň sungatda işjeň zenany;

Çaga terbiýelemekde görkezen yhlasy üçin diýen ugur boýunça Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy Gülaýym Gurdowa Ýylyň mährem zenany;

Berkarar döwletimizde harby we hukuk goraýjylar ulgamynda görkezen işjeňligi üçin diýen ugur boýunça Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Harby talyplar batalýonynyň aýratyn harby talyplar rotasynyň serkerdesi Tawus Tagandurdyýewa Ýylyň watançy zenany;

Obany ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin diýen ugur boýunça Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Sähra geňeşliginiň Geňeşiniň arçyny Ogulbibi Dädäýewa Ýylyň öňdebaryjy oba zenany;

Ýurduň bazar ykdysadyýetiniň we telekeçiligiň ösmegine goşan goşandy üçin diýen ugur boýunça Aşgabat şäherindäki Zybagözel Milli modalar öýüniň ýolbaşçysy Zybagözel Hydyrgulyýewa Ýylyň telekeçi zenany diýlip yglan edildiler.

Bäsleşikde ýeňiji bolan gelin-gyzlara guramaçylar tarapyndan Diplomlardyr Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen talyplary Hazarýaka ýurtlarynyň uniwersitetleriniň Assosiasiýasynyň we ylmy-barlag merkezleriniň VII Uniwersiadasyna gatnaşdylar
Türkmenistan iň arzan benzinli ýurtlaryň sanawynda 7-nji orny eýeledi, Tölegde AŞTU-nyň hyzmatlaryny tölemek mümkinçiligi döredildi, Nazir Habibowyň täze albomy we beýleki habarlar
Aýdymçy Nazir Habibow Arkadagly Serdarym atly täze albomyny çykardy
Russiýa Türkmenistan bilen wiza düzgünini ýeňilleşdirmegiň mümkinçiliklerine garamaga taýyn, Minnihanow Arkadag şäherinde metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy, Türkmenistanda iň meşhur sürüjilik derejesi mälim edildi we beýleki habarlar
Ysraýylyň Guran Operasiýasynda Palestinaly 2 Ýetginjek Ýogaldy
Habib Nurmagomedow MMA jemgyýetçiliginden hemişelik gitdi