Halkara ýeňil atletika federasiýalar bileleşigi (IAAF) tarapyndan 30 ýyldan bäri gowşurylýan ýylyň türgenleri baýragynyň bu ýylky ýeňijileri mälim edildi.Baýrak gowşurylyş dabarasy şu ýyl hem Monakodaky “Grimaldi Forumda” geçirildi.
Zenanlaryň arasynda uzynlygyna we üçürdikläp bökmekde şowly netijeler görkezen kolumbiýaly Katerina Ibarguen, erkeklerden hem keniýaly marafon ylgaýjysy Eliud Kipçoge ýylyň ýeňil atletikaçylary diýlip saýlandy. 34 ýaşly Ibarguen şu ýylyň dowamynda gatnaşan ähli ýaryşlarynda-da diýen ýaly üçürdikläp bökmekde ýeňiji boldy.
Ibarguen bilen ýaşytdaş Kipçoge şu ýylky London we Berlin marafonlarynda ýeňiş gazanypdy.Ol Berlin marafonynda-da dünýä rekordyny täzeläp, ozalky rekordy 78 sekunt ösdürmegi başarypdy.Iki türgenem bu hormata ilkinji gezek laýyk görüldi.
Baýragy geçen ýyl zenanlardan belgiýaly Nafissatu Tiam (heptatlon), erkeklerdenem katarly Mutaz Essa Barşim (beýikligine bökmek) eýeläpdi.Bu sylagy iň köp erkeklerden ýamaýkaly sprinter Usain Bolt (6 gezek), zenanlardan russiýaly syrykly bökmegiň ägirdi Ýelena Isinbaýewa (3 gezek) aldy.