Ozal habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň geçen anna günündäki mejlisinde welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda geçirilen däp bolan bäsleşigiň netijeleri jemlenildi.
Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etraby bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edildi.Hormatly Prezidentimiz etrabyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberindäki pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi.
Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň merkezi bölegini gurşap alan, dürli milletleriň dogan bolup, agzybirlikde ýaşaýan ýeri bolan bu etrap ata-baba oturymly gadymy mekanlaryň biri hasaplanýar.Welaýatyň günorta çäginiň iň çetinde ýerleşýän obanyň görkünde hem şähere ýakynlygyň özboluşly alamatlary nurlanýar: onuň gyra-ýakasyna uzap gidýän uly ýollaryň bütin boýuny jähekleýän syrdam derekleriň nyzamly hatary sünnä çekilen keşdä meňzeýär.
Gahryman Arkadagymyzyň Oba milli maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýan beýik işleriň netijesinde, etrabyň häzirki çäk-dolandyryş meýdanynyň bu çetki nokadyndan welaýat merkezine çenli bolan aralyk barha golaýlaşýar.
Döwrümiziň döredijilik ruhy bilen amal edilýän işleriň ýakymy her bir obada has täsirli hem aýdyň duýulýar: sungat derejesine ýetirilen gurmak gudratynyň güýjüne, uly özgertmeleriň giň gerimli, egsilmeýän kuwwatly badyna olaryň jümmüşine aralaşdygyňça, has anyk göz ýetirýärsiň. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän nusgalyk işleriň ajaýyp netijeleri etrabyň çägindäki obalaryň ählisiniň görkana keşbinde enaýy şöhlelenýär.
Etrabyň ähli ugurlar boýunça ösýän, özgerýän, günsaýyn gözelleşýän merkezi şäherinde hem-de 91 obasynda jemi 210 müňden gowrak ilat ýaşaýar.Agzybirligiň, jebisligiň hem dost-doganlygyň asylly nusgasyny görkezýän bu adamlar ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň ruhunda, hil taýdan täze belentliklere göterilen bagtyýarlyk döwrümizde özleri barada edilýän çäksiz aladalaryň miwelerini her günde, her ädimde çuňňur duýýarlar.
Munuň özi milli Liderimiziň beýik başlangyçlarynyň, geljegi nazarlaýan uly tutumlarynyň rowaçlanýandygynyň hem-de doly amala aşyrylýandygynyň aýdyň nyşanydyr.Biz Türkmenistanda ýaşaýan her bir adam hakynda aladalanmalydyrys, sebäbi adam biziň esasy baýlygymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýdýar.
Häzirki zamanyň ösen talaplarynyň hil derejesinde obalary ösdürmek boýunça görülýän çäreleriň giň gerimi, Prezident Maksatnamasy esasynda öňde goýlan wezipeleriň anyk çözgüdi we beýleki rowaç işler nurana eýýamymyzy bezeýän gözel alamatlardyr. Şunuň bilen baglylykda, giň gerimli Maksatnamanyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn çäreler wagt hem giňişlik ölçeglerine laýyklykda utgaşykly sazlaşygy bilen buýsanjyňy artdyrýar.
Bu maksatnamanyň uzak möhletleýin göz öňünde tutýan wezipeleri bolsa, ilki bilen, oba ilatynyň, etrap merkezlerinde ýaşaýan adamlaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerini dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmekden ybaratdyr.Etrabyň iň çet künjegindäki obalarda hem ulag infrastrukturasy, aragatnaşyk kommunikasiýasy döredilýär, döwrebap mekdepler we çagalar baglary, iň kämil lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylan saglyk öýleridir hassahanalar, edara we ýaşaýyş jaýlary, söwda merkezleri, medeniýet öýleri bina edilýär, erkli-ygtyýarly, mally-mülkli daýhan nebereleri bu eşretlerden ygtybarly peýdalanýarlar.
Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän ýeňillikleri, hemaýat-goldawlary, ak bagtyň açaryna deňelen bereket-bolçulygy, durmuş abadançylygynyň üpjünçiligi etrabyň ähli ugurlar boýunça guwandyryjy netijeleri gazanmagyna aýgytly şert döretdi.
Milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanýan oba hojalyk pudagyny düşewüntli pudaga öwürmek, agrosenagat toplumynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri has-da kämilleşdirmek barada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty welaýatyň iň iri önümçilik düzümi bolan etrabyň mysalynda aýdyň görünýär.
Etrapda geňeşlikleriň 17-si we daýhan birleşikleriniň 14-si bar.Häzirki wagtda Döwletli, Şatlyk, Nowaýy, Oguz han, J.Hudaýbergenow adyndaky daýhan birleşiklerinde, täze oba hojalyk syýasatyna laýyklykda, daýhan hojalyklary döredildi.
Pudagy täzeçe dolandyrmagyň, işi ýöretmegiň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy oba hojalyk önümleriniň öndürilişini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.Täze döredilen daýhan hojalyklarynda pagtanyň, bugdaýyň hasyllylygy ep-esli artdy, bu hojalyklarda ilaty özümizde önýän önümler bilen üpjün etmek boýunça netijeli işler ýola goýuldy.
Durmuş-ýaşaýyş şertleriniň derejesi umumy alnanda, ykdysady görkezijileriň mukdary bilen kesgitlenýär, bu bolsa adamlaryň ruhy we maddy gymmatlyklarynyň aýrylmaz baglanyşyklydygyny görkezýär.S.A.Nyýazow adyndaky etrap ykdysadyýetde, medeniýetde, oba hojalygynda, senagatda, bilimde hem saglygy goraýyşda düýpli öňegidişlikleri gazandy.
Geçen ýylda ýetilen sepgitleriň geriminiň uludygyny bolsa şeýle maglumatlar subut edýär: etrap boýunça senagat önümçiliginiň möçberi öňki ýyllardakydan ep-esli artdy; etrabyň halal zähmet çekmegiň asylly nusgalaryny görkezýän daýhanlary ýyly üstünlikli jemlediler, ak pagtanyň 41 müň 536 tonnasy, ak bugdaýyň 31 müň 862 tonnasy öndürilip, döwletimiziň belent harmanyna goşuldy.
Etrabyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti geçen ýyly ýokary netijeler bilen jemledi.Bu hojalyk boýunça 2420 gektar meýdandan 5100 tonna derek 8223 tonna ak bugdaý öndürilip, şertnamalaýyn tabşyryk artygy bilen berjaý edildi.
Welaýatyň çäginde iň iri hojalyklaryň biri bolan paýdarlar jemgyýetinde 7300 gektar meýdandan 17135 tonna ak altyn ýygnalyp, 119 göterim ösüş gazanyldy.
S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Hasylçy geňeşliginiň hem-de J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň çäginde ýerleşýän döwrebap ýyladyşhanalar welaýatyň gök we bakja önümçiliginde ygtybarly orun eýeleýärler. Altyn gala we Altyn tug hususy kärhanalaryna degişli bolan bu toplumlarda ýylyň ähli pasyllarynda pomidoryň, ýertudananyň we bolgar burçunyň bol hasyly ýetişdirilýär.
Etrabyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly durmuş maksatly binalaryň, täze ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesi ulanylmaga berildi.Hormatly Prezidentimiziň sahawaty bilen J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşligiň çäginde gurlan hem-de hut özüniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda Bagtyýar zaman obasy döwrümiziň ösen talaplaryna laýyk gelýän nusgalyk işleriň biri boldy.
Umumy tutýan meýdany 144 gektara barabar döwrebap obada adamlaryň döwrümiziň eşretleriniň hözirini görüp, abadançylykda ýaşamaklary üçin ähli şertler döredildi.Hyzmatlar öýi, toý mekany, dükanlar we beýleki durmuş maksatly binalar, multimediýa tehnologiýaly umumy bilim berýän mekdep, çagalar bagy, bedenterbiýe-sagaldyş toplumy täze obanyň görküne görk goşýar.
Obada ähli amatlyklary bolan iki hem bir gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 500-si gurlup, ýeňillikli karzlar bilen oba ilatyna berildi.
Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, etrabyň çäginde täze ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň gurluşygyna badalga berildi.Toplumyň umumy meýdany 71 gektara barabar bolup, bu ýerde jemi 1496 maşgala niýetlenen 70 sany dört gatly jaýlar gurlar.
Toplumyň çäginde Saglyk merkezi, göwnejaý enjamlaşdyrylan 240 orunlyk çagalar bagy, 600 orunlyk umumy bilim berýän orta mekdep, hyzmatlar öýi hem beýleki durmuş maksatly desgalar bina ediler.Ilatyň döwrüň hemme amatlyklaryndan bökdençsiz peýdalanmagy üçin beýleki durmuş düzümlerini toplumlaýyn gurmak göz öňünde tutulýar.
Jaýlaryň gurluşygy bilen utgaşyklykda agyz suwy we lagym geçiriji ulgamy, elektrik hem gaz ulgamlary çekiler, täze topluma barýan içerki ýollaryň gurluşygy alnyp barlar.Toplum innowasion aragatnaşyk ulgamyna birikdiriler.
Bu bolsa durmuşymyza häzirki zaman tehnologiýalarynyň çuňňur aralaşýan döwründe aragatnaşyk hyzmatynyň ýokary derejesini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda etrapda orta mekdepleriň 62-si bolup, olar ylym-bilime höwesiň, täze eýýamyň beýik ruhuny älem-jahana ýaýyp, öwretmegiň, öwrenmegiň, okamagyň, gurmagyň hem döretmegiň gözel ojagyna öwrülýärler.Bu ajaýyp alamatlar ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň dünýäniň iň ösen döwletleriniň derejesine göterilýändigini, onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylýandygyny, bu ulgamda düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny, okatmagyň täze usullarynyň ornaşdyrylýandygyny aýdyň görkezýär.
Etrabyň çägindäki çagalar baglarynda körpelere döwrüň ruhunda kämil terbiýe berilýär.
Etrabyň çägindäki hassahanada, 46 sany oba saglyk öýlerinde we saglyk merkezlerinde ilatyň saglygyny goramak we dikeltmek boýunça lukmançylyk hyzmatlary amal edilýär.Medeniýet merkezi, 10 sany medeniýet öýi ilatyň iň gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi.
Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ýaşlar sport mekdepleriniň 3-sine, sport desgalarynyň 2-sine gatnaýarlar.S.A.Nyýazow şäherindäki merkezi kitaphana welaýatyň çägindäki beýleki kitaphanalar bilen elektron ulgamyna birleşdirildi.
Onuň oba ýerlerindäki şahamçalarynyň 3-siniň okyjylary hem öz isleg bildirýän kitaplaryny şol ulgam arkaly okamak mümkinçiligine eýe boldular.
Bu maglumatlar S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň durmuşyň ähli ugurlary boýunça üstünlikli ösýändiginiň, döwrümiziň döredijilik kuwwatynyň ruhunda özgerýändiginiň, günsaýyn gözelleşýändiginiň delillerini özünde jemleýär.
Ýurdumyzy gurşap alan döredijilikli zähmetiň, bagtyýarlygyň, egsilmez eşretleriň ruhunda ösýän, özgerýän, etrabyň gözel görkli tutuş giňişliginde ak bagtyň şuglasy nur saçýar. Bu gözel dowamat döwletli ojaklara rysgal-bereket eçilýär, barça gowulyklardan uly nesibeli adamlaryň kalbyna mähir paýlaýar. Bu ajaýyplyklar bir ýere jem bolup, täze döwre buýsanmak duýgusyna ganat berýär.
Amanmyrat SAPAROW.
Türkmenistan. Surata düşüren Ilaman ÖWEZOW.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20740