Ýylyň türkmen edermen alabaýy belli boldy

Ýylyň türkmen edermen alabaýy belli boldy

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Halkara Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň toplumynda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli esasy çäreler ýaýbaňlandyryldy. Dabaraly çäreleriň çäklerinde Ýylyň türkmen edermen alabaýy atly halkara bäsleşigiň netijeleri-de yglan edildi.

Watan habarlar gepleşiginde hem habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, indi üçünji gezek geçirilen bu halkara bäsleşikde şu ýyl Ýylyň türkmen edermen alabaýy adyna Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine degişli Akhan atly türkmen alabaýy mynasyp boldy.

Ony Türkmenistanyň at gazanan itşynasy, kapitan Begenç Bakeýew ösdürip ýetişdirdi hem-de bu bäsleşige taýýarlady.Bu edermen alabaýyň idedijisi bolsa Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň Harby bölüminiň esgeri Mergen Annamyradowdyr.

Eminler toparynyň başlygy, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew toparyň çözgüdini yglan edensoň, halkara bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — awtoulagyň açary, ýörite medal, göçme kubok we diplom gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Akhan Ýylyň türkmen edermen alabaýy adyna mynasyp boldy
Akhan Ýylyň türkmen edermen alabaýy adyna mynasyp boldy
Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwalda türkmen filmi birinji orny eýeledi, Türkmenistanyň raýatlary üçin Russiýa Federasiýasynda mugt bilim almak boýunça arzalary kabul etmegiň möhleti uzaldyldy we beýleki habarlar
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
Serdar Berdimuhamedow baýramçylyk at çapyşyklaryna tomaşa etdi