Paýtagtymyzda “Ýylyň parlak ýyldyzy” döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýaş estrada aýdymçylarynyň bäsleşigi ýerine ýetirijileriň hünär taýdan kämilleşmegini höweslendirmäge hem-de Türkmenistanyň häzirki zaman aýdym-saz medeniýetiniň ösmegine, zehinlileri ýüze çykarmaga we goldamaga ýardam etmäge gönükdirilen bäsleşik welaýatlaryň derejesinde saýlama tapgyrlaryny öz içine alýar.
Bäsleşigi Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan bilelikde guralýär.
Abraýly emin agzalary bäsdeşleriň arasyndan aýdym aýtmak babatda has tapawutlanan aýdymçylary seçip aldy.Soňra bäsleşigiň nobatdaky tapgyry geçirildi.Onuň netijeleri gönüden-göni tomaşaçylara bagly boldy. Ýaş aýdymçylara köpsanly tomaşaçylaryň öňünde “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynda çykyş etmek mümkinçiligi döredildi. Şeýlelikde, teletomaşaçylar hem-de radiodiňleýjiler ýaş aýdymçylaryň çykyşlary arkaly olaryň zehinine baha bermek hem-de SMS habarlarynyň we telefon jaňlarynyň kömegi bilen halan ýerine ýetirijisine ses bermek mümkinçiligine eýe boldular.
Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, bäsdeşler iki aýdymy, özi-de, bir aýdymy sazsyz ýerine ýetirdiler. Munuň özi emin agzalaryna aýdymçylaryň sesine doly baha bermäge mümkinçilik döretdi. Şeýle synag ýaş aýdymçylaryň artistlik ussatlygyny, tomaşaçylaryň göwnünden turmak başarnygyny ýüze çykarmaga kömek etdi.
Ses bermek tamamlanandan soň, alypbaryjylar bäsleşigiň netijelerini yglan edýärler. Bäsleşigiň dowamynda öňdeligi ynamly eýelemegi başaran ýaş zehinli aýdymçy Leýli Ökdirowa bu döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy we “Ýylyň parlak ýyldyzy” adyna eýe boldy.
Ýeňijä “Ýylyň parlak ýyldyzy” göçme kubogy hem-de höweslendiriji pul baýragy gowşuryldy.
Ýeri gelende bellesek, geçen ýyl bu bäsleşikde ýaş estrada aýdymçy Azat Dönmezow ýeňiji bolupdy.
The post “Ýylyň parlak ýyldyzy” Leýli Ökdirowa appeared first on Zaman Türkmenistan.