“Ýylyň parlak ýyldyzy” belli boldy

Paýtagtymyzdaky Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda ýaşlaryň arasynda guralýan “Ýylyň parlak ýyldyzy 2018” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.Onda ýurdumyzyň iň gowy aýdymlary üçin köp sanly teletomaşaçylaryň beren sesleri jemlenildi hem-de ýeňijileriň atlary yglan edildi.Her ýyl geçirilýän bu çäre ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guralýar. Şu ýyl dokuzynjy gezek geçirilen bäsleşik paýtagtymyzdan we ýurdumyzyň welaýatlaryndan zehinli ýaşlary bir ýere jemledi.

Bäsleşigiň welaýatlarda geçirilen saýlama tapgyrlaryna halkyň içinden çykan ýaş zehinleriň iki ýüzden gowragy gatnaşdy.Üstünlikli çykyş edip, aýdym aýtmak ussatlygyny görkezmegi başaran ýaşlar nobatdaky tapgyra ýollanma aldylar hem-de “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynyň sazly gepleşiklerinde çykyş etmek mümkinçiligine eýe boldular.

Bäsleşigiň bu tapgyrynda olaryň ussatlygy köp sanly teletomaşaçylaryň, radiodiňleýjileriň beren sesleriniň SMS habarnamalarynyň üsti bilen kesgitlenildi.Jemleýji tapgyr öňki tapgyrlarda sesleriň köp sanlysyny alan bäsleşige gatnaşyjylaryň 10-syny özünde jemledi.

Olar diňe aýdym aýtmak däl-de, eýsem, sungat äleminde üstünlik gazanmak üçin zerur bolýan sahna ussatlygy ýaly häsiýetlerini görkezmeli boldular.Döredijilik bäsleşiginiň şertlerine görä, oňa gatnaşýanlar iki aýdymy ýerine ýetirmeli.

Olaryň biri sazsyz aýdylmaly.Türkmen estradasynyň meşhur aýdymçylary, saz sungatynyň ussatlary, teatr artistleri, kompozitorlar we şahyrlar bolsa, ýaş kärdeşleriniň çykyşlaryna baha berdiler hem-de öz seslerini tomaşaçylaryň seslerine goşdular.Bellenen şertler boýunça ýerine ýetirilen çykyşlar tamamlanandan soň, ses sanamak başlandy. Şonuň netijeleri boýunça döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi we “Ýylyň parlak ýyldyzy” diýen hormatly derejä ýaş ýerine ýetiriji Mähri Pirgulyýewa mynasyp boldy.

Aýdymçy zenana “Ýylyň parlak ýyldyzy” nyşany hem-de höweslendiriji baýrak “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna ýollanma gowşuryldy.Bäsleşikde birinji orna Leýli Ökdirowa, ikinji we üçünji orunlara bolsa, Rahman Hudaýberdiýew hem-de Söhbet Kasymow mynasyp boldy.

Olara şahadatnamalar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli konsert geçiriler
Mukamlar köşgünde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli konsert geçiriler
Mähri Pirgulyýewa “Ýylyň parlak ýyldyzy 2018” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Mukamlar köşgünde belli türkmen artistleriniň konserti boldy
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, Daýhanbank Türkmenistanda hereket edýän bank kartlarynyň sany boýunça birinji orny eýeledi, Aşgabatda ku