Ýylyň parlak ýyldyzy bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler

15-nji dekabrda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Medeniýet ministrliginiň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde ýurdumyzyň ýaş estrada aýdymçy ýaşlarynyň arasynda geçirilýän Ýylyň parlak ýyldyzy bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler.

Arkadag şäher Söwda toplumynyň Arzuw toý mekanynda geçiriljek Ýylyň parlak ýyldyzy bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna, birnäçe tapgyrda geçirilýän bäsleşigiň düzgünnamasyna görä, ýylyň dowamynda eminler toparynyň hem-de Türkmen owazy teleradioýaýlymynda, Owaz radioýaýlymynda halk köpçüliginden köp SMS habarnamasy gelen aýdymçylaryň 10-sy gatnaşar.

Öz söýgüli aýdymçyňyzyň ýeňiji bolup, Ýylyň parlak ýyldyzy adyna mynasyp bolmagyny isleýän bolsaňyz, onda öz sesleriňiz bilen ýaş estrada aýdymçylary goldap bilersiňiz.

Belläp geçsek, Ýylyň parlak ýyldyzy bäsleşigi 2009-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Onuň ilkinji ýeňijisi Türkmenistanyň at gazanan artisti Jahan Tagyýewa. Bäsleşikde geçen ýyl Rüstem Hallyýew ýeňiji bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň parlak ýyldyzy — 2023 bäsleşiginde haýsy aýdymçy ýeňiji bolar?!
Ýylyň parlak ýyldyzy — 2023 bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçiriler
Ýylyň parlak ýyldyzy — 2023 bäsleşiginiň finalçylary kesgitlenildi
Diňleýjiler Owazdan sowal bäsleşigi arkaly okuwa girmäge hukuk gazanyp bilerler
“Owaz” radioýaýlymyndan çäksiz sowgat
Ussat halypalardan söz açýan gepleşikler üçin ses berilşik yglan edildi