Ýylyň mugallymy atly döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Ýylyň mugallymy atly döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan geçirilen Ýylyň mugallymy atly döwlet bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, 4 tapgyrda dowam eden gözden geçiriliş, ilki bilen, kafedralaryň, fakultetleriň, ýokary okuw mekdepleriniň derejesinde geçirildi.

Onuň şu ýylyň 26-27-nji maýynda bolan jemleýji tapgyrynda 25 mugallym bäsleşdi. Olar özleriniň hünär ugry boýunça pedagogik, terbiýeçilik we ylmy işleri alyp barmakdaky ussatlyklaryny görkezdiler. Şertleriň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň, ylym we bilim pudagyndaky milli neşirleriň wekillerinden ybarat bolan eminler topary baha berdiler.

Ilki bilen, mugallymlar umumy, tejribe açyk sapaklaryny geçip, talyplar bilen işleşmegiň özboluşly taraplary boýunça ukyplaryny aýan etdiler. Şunda olaryň okuw-usulyýet işlerinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanyşlaryna aýratyn üns berildi.

Käbir şertler bäsdeşleriň ylmy işleriniň netijelerini, ýagny maslahatlarda, gazet-žurnallarda, internet neşirlerinde eden ylmy çykyşlaryna, çap bolan monografiýalarynyň, okuw gollanmalarydyr kitaplarynyň ähmiýetine, mugallymlaryň ylmy guramalar bilen hyzmatdaşlygynyň gerimine, talyplaryň ylmy-döredijilik işlerine gözegçilik edişi boýunça başarnyklaryna esaslandy.

Ýene bir şertde bäsleşige gatnaşyjylar milli bilimiň kanunçylyk binýady, okuw maksatnamalary, ulgamyň esasy ýörelgeleri, düşünjeleri boýunça onlarça sowala jogap berdiler. Baha berlende, mugallymlaryň soňky üç ýylda alan akademiki derejeleri we atlary hem göz öňünde tutuldy.

Bäsleşigiň netijelerine görä, aýratyn tapawutlanan sekiz mugallym baýrakly orunlara mynasyp boldy. Şeýlelikde, Ýylyň mugallymy diýen ada we baş baýraga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, taryh ylymlarynyň kandidaty Mähri Perdeliýewa mynasyp boldy.

Bäsleşikde birinji orny Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň sanly ykdysadyýet kafedrasynyň uly mugallymy Aýgözel Arlanowa, ikinji orny Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň diller kafedrasynyň uly mugallymy Merdan Amanow hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň terjimäniň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallymy Meretguly Gurbanow eýelediler. Üçünji orna Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň kafedra müdiri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Maral Sähetgeldiýewa, Türkmenistanyň Serhet institutynyň hukuk taýýarlygy kafedrasynyň uly mugallymy, hukuk ylymlarynyň kandidaty Möwlamguly Hezretow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sazyň taryhy kafedrasynyň uly mugallymy Bahargül Ýakubowa, Türkmen oba hojalyk institutynyň mallaryň kesellerini anyklamak we bejermek kafedrasynyň uly mugallymy Meretmät Meretmädow mynasyp boldular.

Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly mekdep okuwçysy azyk galyndylaryny gaýtadan işlemegiň tehnologiýasyny hödürledi
"Broadway. Dowamy”. Keýt Bass we Aarun Ýang türkmen tomaşaçylarynyň öňünde çykyş etdiler
Antalýa şu ýylyň başyndan bäri 48 kruiz gämisi bilen 59 müň ýolagçy geldi
Nebit daşalyşy artdyrylýar
Depen topy gol bolýan hüjümçi Harri Keýn (makala)
Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwalda türkmen filmi birinji orny eýeledi, Türkmenistanyň raýatlary üçin Russiýa Federasiýasynda mugt bilim almak boýunça arzalary kabul etmegiň möhleti uzaldyldy we beýleki habarlar