Pandemiýanyň yzda galmagy bilen dünýäde syýahatçylyk pudagy hem gaýtadan ösüp başlady.Dünýä belli syýahatçylyk saýty Tripadvisor 2023-nji ýylyň iň meşhur şäherleriniň sanawyny taýýarlady.Sanaw soňky bir ýylda ulanyjylaryň beren bahasyna görä taýýarlanypdyr.
Sanawyň başynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäheri bar.Geçen ýyl hem birinji bolan şäher, esasan, ýokary hilli syýahatçylyk hyzmatlary bilen köpleri özüne çekýär.Sanawyň başynda degişlilikde, Indoneziýanyň Bali adasy, Angliýanyň paýtagty London, Italiýanyň paýtagty Rim, Fransiýanyň paýtagty Pariž, Meksikanyň Kankun şäheri, Gresiýanyň Krit adasy, Marokkonyň Marrakeş şäheri we Dominik Respublikasy bar.
Sanawyň başyndaky Dubaý şäherinde döwrebap medeniýet bilen taryhy, başdangeçirmeler bilen söwdany we güýmenjäni tapyp bolýar. Şäheriň myhmanlary Dubaýyň operasyndaky sahna oýunlaryny, Burj Halifanyň çür depesinden şäheri syn etmegi, deňiz kenaryndaky bazarda aýlanmagy halaýarlar.
Palm Jumeirah emeli adalary hem bu ýere gelenlerde uly täsir galdyrýar.Tebigy baýlygy bilen tapawutlanýan Bali adasynyň ak ürgün çägeli kenarlary, suwa batan gämileri, suwasty jandarlary we ösümlikleri köpleri özüne çekýär.
Oguljeren SÜLEÝMANOWA,
Merkezleşdirilen kitaphana ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň 1-nji derejeli kitaphanaçysy.