Türkmenleriň arasynda soňky birnäçe ýyl bäri janlanyp, 2024-nji ýylda güýçlenip dowam eden aç-açanlyk hyjuwlary, bar bolan problemalary dillendirmek synanyşyklary, raýat raýdaşlygy, galyberse-de syýasy doňaklyga düşünmek islegleri jemgyýetde özgeriş teşneligi bilen ýugrulýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýerli ýaşaýjylar, syýasy synçylar we intellektual adamlar bilen söhbetdeş bolup, bu ugurda 2024-nji ýylyň jemini jemlediler.
Bir söz bilen aýdylanda, türkmenleriň arasynda soňky birnäçe ýyl bäri tutaşyp dowam edýän azatlyk teşneligi geçip barýan 2024-nji ýylda hususan-da ýurt içinde şekil we mazmun taýdan kämilleşdi.
Basyşlara garamazdan, ilat arasynda bar bolan problemalary dile getirmek synanyşyklary, galyberse-de, durmuş-ykdysady problemalar, hatda resmiler tarapyndan tabu kabul edilýän mowzuklar, şol sanda adam hukuklary, syýasy doňaklyk, üzňelik, ýapyklyk, gender deňligi, jynsy azatlyk ýaly temalar boýunça açyk pikir alyşmalar batlandy.
“Megerem, geçip barýan 2024-nji ýyl Türkmenistanyň 33 ýyllyk Garaşsyzlyk taryhynda türkmenistanlylaryň ýurt içinde jemgyýet hökmünde kemala geliş prosesiniň “pyntyk açan” ýyly hökmünde ýatda galar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli intelligensiýa wekili aýdýar.
Bäş ýyl ozal...
Bu proses, başga bir synçynyň ynanjyna görä, daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň arasynda eýýäm 2020-nji ýylda kemal tapyp başlady. Şol gabatlar tutuş dünýäde öwrenşilen tertibi agdar-düňder eden global koronawirus pandemiýasy, galyberse-de ýurduň günorta-gündogar sebitlerinde bolup geçen heläkçilikli harasat jemgyýetde raýdaşlyk duýgularyny möwjetdi.
Pandemiýa döwründe girizilen halkara hereket çäklendirmeleriniň arasynda ýüzlerçe müň türkmenistanly daşary ýurtlarda galdy. Munuň yz ýany, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynda turan heläkçilikli harasatda raýatlaryň agyr ejir, ýitgi çekmegi, hususan-da, Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly zähmet migrantlarynyň arasynda protest hereketlerini tutaşdyrdy.
“Şonda Garaşsyzlygyň taryhynda ilkinji gezek köpçülikleýin we yzygiderli görnüşde protestler guramalaşdyrylyp başlandy, halkyň durmuş-ykdysady, syýasy talaplary güýçlendi” diýip, ýerli synçy aýdýar.
2020-2021-nji ýyllar global koronawirus pandemiýasynyň, tebigy heläkçiligiň oňaýsyz netijeleri bilen sarsylýan mahaly, 2022-nji ýylda Türkmenistanda prezident çalyşdy, Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet baştutany wezipesini ogly Serdar Berdimuhamedowa geçirdi.
Bu aralykda, halkara hereket çäklendirmeleriniň yz ýany, daşary ýurtlardaky türkmenistanlylar, şol sanda Türkiýedäki zähmet migrantlary ýurda dolanyp başlady. Protest hereketine goşulan adamlaryň zor bilen ýurda alnyp gidilmegi bilen bagly habarlar bolsa, transmilli repressiýa boýunça ünjüleri güýçlendirdi.
Garaz, her niçik-de bolsa, bu wakalaryň yz ýany, ýurduň içinde daşary ýurtlarda bolup, protest hereketlerinden habarly bolan raýatlaryň belli bir kontingenti emele geldi.
“Häkimiýetler bu protestler boýunça, her näçe, repressiýalary güýçlendirseler-de, şeýle hereketleriň halkyň pikir örüsine, dünýägaraýşyna ýetiren aýgytly täsiriniň öňüni alyp bilmediler. Bu protestler 2020-2021-nji ýyllarda daşary ýurtlardaky käbir türkmenistanlylaryň arasynda adaty ýagdaýa öwrülen-de bolsa, heniz ýurt içinde berk häkimiýet gözegçiligi astynda galýan raýatlaryň arasynda açyk pikir alyşmalar göze ilmeýärdi” diýip, synçy aýdýar.
“Ýöne şeýle ýagdaýlar göze ilmese-de ýurt daşyndaky işjeňligiň ýurt içine täsiri gutulgusyzdy” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.
Şeýlelikde, 2022-nji ýylda ýurtda prezident çalyşdy, bu aralykda, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň pasportynyň möhletiniň türkmen konsullyklarynda 2024-nji ýylyň 31-nji dekabra çenli uzaldylmagyna rugsat berildi. Şol bir wagtda, daşary ýurtlarda protest hereketine goşulan aktiwistler häkimiýetler tarapyndan “awlanyp” başlandy, käbiri zar bilen’, käbiri zor bilen’ ýurda alnyp gidildi.
Netijede, müňlerçe türkmenistanly ýa deport goýlup, ýa-da öz islegleri boýunça Türkmenistana dolandy.
Ýerli synçylar, intelligensiýa wekilleri 2024-nji ýylda Türkmenistanyň öz içinde, onlaýn we oflaýn giňişliklerde güýçlenip başlan giň gerimli raýdaşlyk hyjuwlaryny, açyk pikir alyşmalary we bar bolan problemalary dillendirmek synanyşyklaryny, belli bir derejede, daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň köpçülikleýin ýurda dolanmagy ýa-da dolandyrylmagy bilen baglanyşdyrýarlar.
Gozgalýan meseleler
Eýsem, şeýle açyk pikir alyşmalarda nähili pikirler gozgalýar? Ýylyň jemlerine bagyşlanan öňki makalalarymyzyň birinde hem belläp geçişimiz ýaly, şeýle söhbetlerde halkara arenasynda bolup geçýän wakalardan başlap, ýurduň öz içinde bar bolan problemalar, üpjünçilik meseleleri, durmuş-ykdysady problemalar, işsizlik, gymmatçylyk, syýasy meseleler, esasy azatlyklar, adam hukuklary we başga-da bir topar nogsanlyklar raýatlar tarapyndan açyk gozgalyp, dürli platformalarda gün tertibine getirilýär.
Hatda raýatlaryň arasynda bar bolan problemalar boýunça sosial media arkaly prezidente ýüz tutmak synanyşyklary hem göze ilip başlady.
Ýöne şeýle meýilleriň şekil taýdan bir geň tarapy bar. Bu hereketler ýurt içinde özakymlaýyn döreýär. Hiç hili syýasy partiýa, gurama, ol ýa-da beýleki adamlar, umumam hiç kim, şeýle hereketleriň öňüne düşmeýär.
“Bu proses anyk syýasy güýçlere ýa-da oppozision toparlara dahylsyz ýagdaýda ýüze çykýar” diýip, intelligensiýa wekili aýdýar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýylyň dowamynda ýurt içinde emele gelen şeýle açyk pikir alyşmalaryň mazmunyny ýakyndan synladylar. Synçylar bu pikir alyşmalaryň mazmun taýdan ewolýusiýany başdan geçirendigini aýdýarlar.
Bu gürrüňdeşlikler ilki-ilkiler, ýylyň başlarynda esasan ikiçäk, kiçi-girim söhbetlerde adamlaryň durmuş-ykdysady problemalary dillendirmekleri hökmünde üns çeken bolsa, soň-soňlar köpçülikleýin häsiýete eýe bolup wawwaly syýasy meseleler hem açyk pikir alyşmalarda öz beýanyny tapyp başlady.
Ýerli synçylar şu ýylyň dowamynda arz-şikaýatlar bilen hökümet edaralaryna ýüz tutup başlan adamlaryň hem köpelýändigini aýdýarlar.
“Ilat arasynda öz hukuklaryny gorap, häkimiýetlere köpçülikleýin ýüz tutýan, arz edýän raýatlaryň sany hem göz-görtele köpeldi we bu günki günde türkmen jemgyýetinde entek syýasy hukuklar bolmasa-da, raýat hukuklary boýunça adalaty we kanuny çözgüdi talap etmeklik ýurt içindäki raýatlaryň arasynda endige öwrülip başlady” diýip, aşgabatly bir hünärmen aýdýar.
Şu hili arz-şikaýatlaryň birnäçesini türkmen adalatçysynyň soňky ýyllyk hasabatynda hem görmek bolýar. Ýöne bu şikaýatlar esasan durmuş-ykdysady problemalara gönükdirilýär, syýasy azatlyklar boýunça bildirilýän şikaýatlar hasabatlarda agzalmaýar.
Ýerli synçylar 2024-nji ýylyň jemlerini jemlänlerinde türkmen jemgyýetinde syýasy doňaklykdan, üzňelikden we ýapyklykdan halas bolmagyň ýollarynyň agtarylmagy boýunça amal edilen tagallalara ýygy-ýygydan salgylandylar.
Ýadawlyk
“Bu meýillere ser aýlasak, ilat arasynda syýasy üzňelik we doňakçylyk ýadawlygy görnetin görünýär, ýöne şol bir wagtda, bar bolan problemalaryň raýatlar tarapyndan ýygy-ýygydan dillendirilip başlanmagyny nazarda tutanymyzda, bu ýadawlygyň repressiýa gorkusyndan üstün çykýandygyny görmek bolýar” diýip, ýerli synçy aýdýar.
“Jemgyýet çärýek asyrlyk üzňelikden we ýapyklykdan, 30 ýyllyk syýasy doňakçylykdan halys ýadady we şol ýadawlyk hem indi raýatlary öz problemalaryny dile getirmeklige iterýär" diýip, beýleki bir intelligensiýa wekili gürrüň berýär.
Bu ýadawlyk, ýerli synçylara görä, gytaklaýyn hem bolsa, hatda döwlet telewideniýesinde hem şöhlelenip başlady.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan türkmenistanly bir intelligensiýa wekili sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň döwlet telewideniýesinde görkezilen mejlisine salgylanyp, wideo reportažlarda Berdimuhamedowyň münberde çykyş edýän pursatlarynda ýygnaga gatnaşýan “kümüş saçly eneleriň” öz aralarynda gürleşip oturýan halda görkezilmegini doňaklyk ýadawlygyna mysal görkezýär. Şeýle meýiller Türkmenistan üçin uly many aňldayp bilýär.
Galyberse-de, döwlet telewideniýesinde mejlisiň dowamynda batly aýdylan “Arkadaga ýa-da Arkadagly Serdara şöhrat” şygarlaryna goşulmaýan adamlaryň görkezilmegi hem syýasy maýlama meýillerine mysal görkezilýär.
Şeýle alamatlar, ýaňy hem belleýşimiz ýaly, Türkmenistanyň şertlerinde uly many aňladyp bilýär.
Bulardan başga-da, döwlet telewideniýesi hem propaganda taktikalaryny üýtgedip, soňky wagtlarda Türkmenistanyň media giňişligine mahsus bolmadyk käbir habarlar metbugat sahypalarynda peýda bolup başlady.
Ýerli synçylar bu fenomenany ýurtda hemaýata mätäç çagalaryň bardygynyň döwlet ýolbaşçylary tarapyndan boýun alynmagy, olar üçin ýörite haýyr-sahawat gaznasynyň esaslandyrylmagy, şeýle-de, mätäç maşgalalara zerur ýardamlaryň berilmegi bilen bagly habarlaryň döwlet telewideniýesinde görkezilmegini hem syýasy ýumşamalara mysal görkezýärler.
Alamat
“Bu fakty hatda türkmen telewideniýesiniň efirinde "öz derdini dile getiren" enäniň çykyşy hem gytaklaýyn tassyklady. Ol öz çykyşynda agyr näsag çagasyna bejergini diňe Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky fonduň sanawyna girizilenden soň almagy başarandygyny aýtdy” diýip, ýerli synçy aýdýar.
Şeýle tendensiýalar hem onlarça ýyl bäri üznüksiz “abadançylyk, bagtyýarlyk we berkararlyk” aýdymlary ýaňlandyrylýan Türkmenistanda uly many aňladyp bilýär.
Bulardan başga-da, hökümetçi neşirler hem daşary ýurtlarda bolup geçýän ýöne öňler türkmen metbugatynda agzalmaýan tebigy we tehnogen hadysalar, hatda ykdysady kynçylyklar baradaky habarlary hem berip başladylar.
Umuman, ýerli synçylar, intelligensiýa wekilleri ýurduň media giňişliginde hem maýlama, ýumşama we durmuş reallygyny boýun almak meýilleriniň göze ilip başlandygyny aýdýarlar.
“Ýagny, türkmen režimi durmuş reallygyny dolulygyna inkär edip bilmejekdigini ahyrsoňy boýun aldy emma şonda-da bireýýäm wagty gelen reformalary durmuşa geçirmek hakynda we ilatyň ýitileşýän durmuş kynçylyklary hakynda söz açmakdan entek saklanýar” diýip, synçylar aýdýar.
Ýylyň dowamynda wagtal-wagtal raýat raýdaşlygynyň has içgin göze ilen pursatlary boldy. Ýerli synçylar şeýle meýilleri iki mysala salgylanmak bilen düşündirýärler.
“Raýatlar aç-açan görnüşde birek-birege raýdaşlyk görkezip başladylar.Muny, meselem, Olimpiýa şäherçesinde gümürtik şertlerde heläk bolan gyzy üçin adalat gözleýän enäniň, şeýle hem häkimiýetleriň yzy üzülmeýän basyşlaryna sezewar bolýan garaşsyz žurnalist Soltan Açylowanyň ýagdaýlary barada ilat arasynda geçirilen aç-açan pikir alyşmalarda görmek bolýar, adamlar bu iki zenan üçin adalatyň üpjün edilmegini dile getirýärler, şeýle sesler belentden eşidilip başlandy” diýip, synçylar aýdýar.
Azatlyk Radiosy ýylyň dowamynda bu wakalara ünsi çekdi.
Ýerli synçylar bu ýyl ilat arasynda ýygjamlaşan açyk pikir alyşmalara diň salyp, doňaklyk ýyllarynda raýatlaryň azatlyk, açyklyk we erkin söz teşneliginiň häkimiýetler tarapyndan syndyrylyp bilinmändigini aýdýarlar.
“Türkmen jemgyýeti dymyşlygyň, mundan beýläk, netije bermeýändigine göz ýetirip başlady. Häkimiýetleriň 30 ýyldan gowrak wagt bäri dowam etdirýän durgunlylyk we doňakçylyk syýasaty ilatyň erkin söze, azatlyga we pikir köpdürliligine bolan teşneligini ýok edip bilmändir” diýip, aşgabatly synçy aýdýar.
Halkara arenasynda bolup geçýän wakalar hem türkmen jemgyýetinde sarsgyn döredýär.
Ýerli synçylar bu ýagdaýa mysal edip, Siriýada 53 ýyl höküm ýöredip ýaňy-ýakynda gozgalaňçylar tarapyndan häkimiýetden agdarylan Asad režiminiň çöküşiniň türkmen jemgyýetinde dürli pikir alyşmalara ýol açmagyna salgylanýarlar.
“Adaty raýatlaryň arasynda bu waka "awtoritar we totalitar režimleriň iru-giç ýykyljakdygy hakynda" pikir döretse, emeldarlaryň arasynda "wagtynda syýasy reformalar geçirilmese hiç hili diktatura köp wagtlap saklanyp bilmez, hatda, ony goldaýan Russiýa, Eýran, Hytaý ýaly "jahan awtoritarlar klubynyň" agzalary goşun bilen hem saklap bilmez" pikirini döretdi” diýip, synçylar aýdýar.
Nämelere garaşmaly?
Eýsem, türkmenistanlylar 2025-nji ýyldan nämelere garaşýar?
Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar, synçylar we intelligensiýa wekilleri öňümizdäki ýylda hem Türkmenistanda durmuş-ykdysady kynçylyklar dowam eder diýip çaklaýarlar.
“Ýöne, şol bir wagtyň özünde hem, syýasy taýdan möhüm öwrülişiklere garaşyp bolar” diýip, ýerli synçy çaklaýar.
Ol bu çaklamalaryny repressiýa syýasatynyň dünýäniň hiç bir ýerinde uzak wagt dowam edip bilmezligi, şeýle-de türkmenistanlylaryň arasynda doňaklyk ýadawlygynyň görnetin göze ilip başlamagy bilen ilteşdirýär.
“Şonuň üçin hem, häkimiýetler belli bir derejede syýasy maýylganlygy durmuşa geçirmäge mejbur bolarlar diýip ynanýaryn" diýip, aşgabatly intelligensiýa wekili aýdýar.
Paýtagtly beýleki bir synçy ýurduň içinde we daşynda özgeriş islegleriniň zähmet migrantlaryndan gelmegine garaşýandygyny aýdýar.
Mälim bolşy ýaly, daşary ýurtlardaky türkmen konsullyklarynda möhleti uzaldylan pasportlar 2024-nji ýylyň 31-nji dekabrynda güýjüni ýitirýär. Bu ýagdaý daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenleri kyn güne goýar, raýatlar pasportlarynyň möhletini uzaltmak üçin ýurda dolanmaga mejbur bolarlar. Sebäbi, türkmenistanlylar özleriniň biometriki pasportlaryny daşary ýurtlardaky türkmen konsullyklarynyň üsti bilen täzeläp bilmeýärler.
“2025-nji ýylda bu mesele has-da gözgynylaşar, şonuň üçin daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylaryň arasynda öňümizdäki ýylda hem nägilelikler artyp biler” diýip, paýtagtly synçy çaklaýar.
Ýöne ýerli synçylar öňümizdäki ýylda türkmen jemgyýetinde protest hereketleri ýüze çykan halatynda, munuň 2020-nji ýyllardaky hereketlerden tapawutlanyp biljekdigini aýdýarlar.
“Sebäbi, jemgyýetde raýat işjeňligi, syýasy we sosial işjeňlik häzirki wagtda öňkülerinden tapawutlanýar” diýip, synçylar aýdýar.
Bulardan başga-da, paýtagtly synçy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň täleýnamalar bilen içgin gyzyklanýandygyny belläp, 2025-nji ýylyň, hytaý müçenamasyna görä, ýylan ýyly boljakdygyna ünsi çekýär.
“1905,1917-nji we 1989-njy ýyllarda bolup geçen öwrülişikler, galyberse-de 1941-nji ýylyň jahan urşy, 1953-nji ýylda Staliniň ölümi, 1977-nji ýylda SSSR-iň iň soňky Konstitusiýasynyň kabul edilmegi ýaly bir topar möhüm wakalar hut ýylan ýylyna gabat geldi. Ýeri gelende bellesek, Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi hem 2001-nji ýylda, ýagny ýylan ýylynda wise-premýer wezipesine bellenildi” diýip, synçy sözüni jemleýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.