Ýylyň iň ýagty kometasy bolup biljek Leonard (C/2021 A1) 12-nji dekabrda Ýere mümkin boldugyndan has ýakyn bolar. Bu barada Moskwadaky planetariýniň metbugat gullugy ýazýar diýip, TASS habar berýär.
Ýeriň demirgazyk ýarym şarynda kometa dekabr aýynda synlamak üçin elýeterli bolar. 1-nji dekabrdan 13-nji dekabr aralygynda ol Aw Itleri, Öküz çopany, Ýylan, Gerkules we Ýylangöteriji ýyldyzlar toplumynyň fonunda çalt hereket eder. Ony irden we agşam görmek mümkin bolar.
2022-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda kometa perigeliýden geçip, Güne has ýakyn aralykda bolar (0,62 astronomik birligi) diýip, planetariýniň metbugat gullugy belledi.
C/2021 A1 (Leonard) kometasyny 2021-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda amerikaly astronom Gregori Leonard açdy. Bu 2021-nji ýylyň ýanwar aýynyň birinji ýarymynda açylan ilkinji kometa boldy. Ol kosmos giňişliginden, takmynan, 70 km/s tizlik bilen uçýar.