“Forbes” žurnaly ýylyň iň köp girdeji gazanan aktýorlarynyň sanawyny mälim etdi.Sanawda ABŞ-nyň belli aktýory, The Rock lakamly ýyldyz Dweýn Jonson 1-nji ýeri eýeledi.
Jumanji” 48 ýaşyndaky aktýor soňky 12 aýyň dowamynda 87,5 million dollar girdeji gazandy. 2 metre golaýy boýy bolan aktýor geçen ýylam 64,5 million dollarlyk girdejisi bilen sanawyň başynda orun alypdy. 2-nji ýerde “Dedpul” filmleriniň ýyldyzy Raýan Reýnolds bolup, ol 71,5 million dollar möçberinde girdeji ýygnady.
Golliwudyň başga tanymal aktýory Mark Wolberg 58 million dollarlyk girdejisi sanawyň 3-nji basgançagyna mynasyp boldy. 4-5-nji orunlarda Ben Afflek bilen Win Dizel bolup, olar soňky 1 ýylyň dowamynda degişlilikde 55 we 54 million dollarlyk gazanç etdiler.
Bolliwudyň meşhur ýyldyzy Akşaý Kumaryň 48,5 million dollar bilen 6-njy bolan sanawynda kompozitor hem aktýor Lin-Manuel Miranda 7-nji, Will Smit 8-nji, Adam Sandler 9-njy hem-de Hytaýyň dünýä belli aktýory Jeki Çan 10-njy ýeri eýeledi.
Ilkinji onlukda aktýorlaryň umumy girdejisi bolsa, 416,5 million dollara deň boldy.
Jeki Çan 30 million dollar
Adam Sandler 31 million dollar
Will Smit 44,5 million dollar
Lin-Manuel Miranda 45,5 million dollar
Akşaý Kumar 48,5 million dollar
Win Dizel 54 million dollar
Ben Afflek 55 million dollar
Mark Wolberg 58 million dollar
Raýan Reýnolds 71,5 million dollar
Dweýn Jonson 87,5 million dollar