Ýylyň iň köp girdeji gazanan aktýorlary

Ykdysady žurnal “Forbes” ýylyň iň köp pul gazanan aktýorlarynyň sanawyny mälim etdi.Sanawda 1-nji ýeri “Transformerler” kinosynyň aktýoryMark Wolberg eýeledi.Ol soňky 12 aýyň dowamynda 68 million dollar gazandy.

Geçen ýylyň birinjisi Dweýn Jonson ondan 3 million dollar az gazanyp, 2-nji orna mynasyp boldy.Hereketli kinolaryň ýyldyzy Win Dizel 3-nji (54,5 million $), komediýaçy Adam Sandler 4-nji (50,5 million $), gonkongly Jeki Çan 5-nji (49 million $) bolup sanawa goşuldy. 48 million dollar ýygnan Robert Dawni Junior 6-njy, hem-de 43 million dollar gazanç eden Tom Kruz 7-nji ýeri eýeledi. Öňdäki onlugy Bolliwudyň ýyldyzylary Şahruh Han (38 million $), Salman Han (37 million $) hem-de Akşaý Kumar (35,5 million $) jemledi.

Ýene degişli makalalar

Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Ýylyň iň köp girdeji gazanan aktýorlary
Ýylyň garaşylýan filmleri
“Forsaž” filmleri 11-nji kinodan soň tamamlanar
14-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Täze film