Ýylyň iň güýçli pasportlary

“Henley” pasport indeksi her ýylda dünýäniň iň güýçli pasportlarynyň sanawyny düzýär. Sanaw taýýarlananda, Halkara howa gatnawlary bileleşiginiň (IATA) maglumatynda peýdalanylýar. Baha berlende bir ýurda ýa-da sebite päsgelçiliksiz girip bolýan bolsa, bir bal berilýär. Syýahata çykmazdan ozal beýleki resminamalar taýýarlanmaly bolsa bal berilmeýär.

Sanawa dünýäniň 199 ýurdy we sebiti girizilipdir. Bir orny birden köp döwlet alyp bilýändigi üçin jemi 106 orun bar.

Sanawyň birinji ornuny 193 bal bilen Singapur eýeleýär.Geçen ýyl 193 bal bilen birinji bolan Ýaponiýa bu ýyl 191 bal alyp ikinji orna düşüpdir. Üçünji orny Finlýandiýa, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Koreýa Respublikasy, Ispaniýa we Şwesiýa paýlaşypdyr.

Birleşen Patyşalyk, Awstriýa, Daniýa, Irlandiýa, Lýuksemburg we Niderlandlar 189 bal bilen dördünji bolupdyr.Bäşinji orny 188 bal bilen Belgiýa, Malta, Norwegiýa we Portugaliýa alypdyr.

Sanawyň altynjy ornunda 187 bal bilen Awstraliýa, Täze Zelandiýa we Şweýsariýa bar.

Kanada, Çeh Respublikasy, Gresiýa, Polşa we ABŞ 186 bal bilen ýedinji bolupdyr.

Wengriýa 185 bal bilen sekizinji ýeri ýeke özi eýelän bolsa, Litwa 184 bal bilen dokuzynjy bolupdyr. Ilkinji onlugy 182 bal bilen Estoniýa, Latwiýa, Slowakiýa we Sloweniýa ýurtlary jemläpdir.

Güljan Weliýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Körpeleriň Aşyr dädesi
Körpeleriň Aşyr dädesi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda