Ýylyň iň gowy awtomobili 2022 bäsleşiginiň finalçylary belli boldy

Ýylyň iň gowy awtomobili  2022 bäsleşiginiň finalçylary belli boldy

Ýewropanyň “Ýylyň iň gowy awtomobili” (Car of the Year 2022) bäsleşigini gurnaýjylar finalçylaryň gysga sanawyny neşir etdiler.

APA agentligine salgylanyp, Day.Az-yň habar bermegine görä, dünýäde iň gowy awtomobil ady ugrunda 10 sany täze model bäsleşer. Ýagny, bäsleşigiň finalyna Audi G4 e-tron, Cupra Formentor, Ford Mustang Mach-E, Genesis G70, Honda Civic, Hyundai Ioniq 5, Hyundai Tucson, Kia EV6, Lexus NX, Toyota GR86 / Subaru BRZ modelleri çykdy.

Emin agzalary goşmaça bäş bäsleşigiň finalçylaryny hem kesgitlediler. “Iň gowy şäher awtomobili” nominasiýasynda Dacia Sandero, Opel Mokka, Renault Kiger, Toyota Yaris Cross we Volkswagen Taiga modelleri görkezilýär.Audi Q5 Sportback, BMW iX, Genesis GV70, Mercedes-Benz EGS we Volvo C40 Recharge bolsa “Iň gowy lýuks model” ady ugrunda bäsleşerler. “Iň gowy sport awtomobili” nominasiýasynda Audi e-tron GT, BMW M3/M4, Porsche 911 GT3, Toyota GR86 / Subaru BRZ we Volkswagen Golf GT/R modelleri, “Iň gowy “ýaşyl” awtomobil” nominasiýasynda bolsa Audi e-tron GT, BMW iX, Ford Mustang Mach-E, Hyundai Ioniq 5 we Mercedes-Benz EGS bar.

Mundan başga-da, “Iň gowy dizaýn” kategoriýasynda ýeňiş üçin Audi e-tron GT, Ford Mustang Mach-E, Hyundai Ioniq 5, Kia EV6 we Mercedes-Benz EGS bäsleşer.Bäsleşigiň emin agzalarynyň düzümine dünýäniň dürli ýurtlaryndan 102 awtoulag žurnalisti girýär. Ýeňijiler 2022-nji ýylyň 13-nji aprelinde Nýu-Ýorkdaky awtosalonda yglan ediler.

Ýene degişli makalalar

Öňdebaryjy Kroon-Oil motor we transmissiýa ýaglary indi Türkmenistanda
Öňdebaryjy Kroon-Oil motor we transmissiýa ýaglary indi Türkmenistanda
Toyota dünýäde satuwy boýunça Volkswagen-den 1 mln ulag öňe geçdi
Gibrid ulaglaryň sany artýar
Bethoweni diňlenmek elektromobiliň ýöreýiş ätiýaçlygyny artdyryp biler
Audi bahasy 225 müň ýewro durýan 620-güýçli sportkar bilen tanyşdyrdy