“Ýylyň bütindünýä awtomobili” bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi

“Ýylyň bütindünýä awtomobili” bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi

“Ýylyň bütindünýä awtomobili” (World Car of the Year) bäsleşiginiň guramaçylary bäş kategoriýada finalçylaryň sanawyny neşir etdiler diýip, motor.ru habar berýär.

Esasy “Ýylyň awtomobili” kategoriýasynda Honda e we Volkswagen ID.4 elektrokarlary, şeýle-de Toyota Yaris finala çykdy. Şeýlelikde, mart aýynyň başynda yglan edilen dalaşgärleriň başdaky sanawyndan Audi A3, BMW 2-Series Gran Coupe we 4-Series, Mercedes-Benz GLA, Mazda MX-30, Kia Sorento we K5 çykaryldy. “Ýylyň şäher awtomobili” nominasiýasynda üç ýapon modeli finalçy boldy: Toyota Yaris, Honda e we Honda Jazz. “Ýylyň baýrakly awtomobili” adyna Land Rover Defender, Mercedes-Benz S-Class we Polestar 2 dalaş edýär. “Ýylyň sportkary” BMW-niň üç modelinden biri X5 M, X6 M ýa-da M2 CS bolup biler. “Ýylyň dizaýny” kategoriýasynda finalçylaryň sanawyna Honda e, Mazda MX-30 we Land Rover Defender girdi.

Bäsleşigiň netijeleri 2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde yglan ediler.Geçen ýylky “Ýylyň bütindünýä awtomobili” bäsleşiginiň ýeňijisi Kia Telluride bolupdy.Ol 758 bal gazanyp, bu görkeziji boýunça iki Mazda modelinden Mazda3 (745 bal) we CX-30-dan (738 bal) öňe geçdi. Ýatlap geçsek, Toyota Yaris şu ýylyň mart aýynda “Ýewropada ýylyň awtomobili” bolupdy.

Model ses berişligiň netijesi boýunça, Fiat 500, Cupra Formentor we VW ID.3 ýaly garşydaşlardan üstün çykdy.

Ýene degişli makalalar

Volvo Cars Ýewropanyň awtoöndürijiler assosiasiýasyny terk edýär
Libertadores Kubogynyň täze çempiony
TURKMENISTAN AND UNOPS: NEW LANDMARKS OF COOPERATION FOR THE ATTAINMENT OF THE SUSTAINABLE DEVELOPMENT GOALS
“Wilýarreal” 1-nji, “Mançester Ýunaýted” 2-nji gezek finalda
Alyjylaryň pikiri boýunça iň gowy awtomobiller belli edildi
Sungata örklenen ömür