Ýylyň awtomobili — 2022 bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi

Ýylyň awtomobili — 2022 bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi

Ýewropanyň Car of the Year ("Ýylyň awtoulagy") bäsleşiginiň emin agzalary esasy baýrak ugrunda bäsleşjek modelleriň gysga sanawyny yglan etdiler. Bu barada mag.auto.ru habar berdi.

Finalçylaryň sanawy ýedi awtoulagdan ybarat, olaryň altysy doly elektrikli awtoulaglar bolup, ýedinji awtoulagda zarýad berilýän modifikasiýa bar.

Abraýly bäsleşigiň finalyna Cupra Born, Ford Mustang Mach-E, Skoda Enyaq iV, Renault Megane E-Tech, соплатформенные Ioniq 5 и Kia EV6 (aýratyn dalaşgär hökmünde) и Peugeot 308 çykdy.

Şeýlelik bilen, geçen ýyl täze nesil “Toyota Yaris” heçbegi Ýewropada ýylyň awtoulagy diýlip saýlanan hem bolsa, bu gezek finalçylaryň sanawyna ýaponlaryň döreden ýekeje modeli hem goşulmady. Hatda şu ýyl ilkinji gezek ýarym finala çykan Hytaýyň awtoulaglaryna hem finala gatnaşmak nesip etmedi.

Ýewropada 2022-nji ýylyň iň oňat awtoulagyny 61 sany ýöriteleşdirilen žurnalistden ybarat emin agzalary 28-nji fewralda yglan ederler.

Ýene degişli makalalar

Ýewropada öňdeligi eýeleýär
“2021-nji ýylda Ýewropada ýylyň awtomobili” bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi
Pariž awtoulag sergisi elektroulaglar köpelýär
“Ýewropada ýylyň awtomobili” adyna dalaşgär modelleriň sanawy düzüldi
Zenan žurnalistler ýylyň iň gowy awtomobillerini saýladylar
Elektrikli Hyundai Ioniq 5 Germaniýada ýylyň awtoulagy boldy