Ýylyň abraýly 100 kompaniýasy

ABŞ-nyň Time žurnaly ýylyň iň abraýly 100 kompaniýasynyň sanawyny mälim etdi. Oňa saglygy goraýyş, güýmenje, tehnologiýa we başgalar ýaly ugurlarda işleýän guramalar girdi. Neşir dürli ugurlarda iş alyp barýan hünärmenlerden iň möhüm işewür kompaniýalary saýlamagy haýyş etdi. Olara dünýä ýetirýän täsiri, täzelikçilligi hem-de gazanýan üstünlikleri ýaly birnäçe ugurlar boýunça baha berildi.

Netijede 100 kompaniýa bellige alnyp, olar Pionerler, Titanlar, Liderler, Täzelikçiler we Böwsüp geçijiler ýaly toparlara bölündiler. Mediýa kompaniýasy Kaling International (aktrisa Mindy Kalingiň eýeçiliginde), NFT-platformasy Opensea we kosmos syýahatçylyk kompaniýasy Axiom Space birinji kategoriýa girdi.

Titanlaryň arasynda Amazon, Pfizer, Alphabet, United Airlines, Maersk, Ford, Meta*, Microsoft, Apple, Walmart, Nvidia, Disney we Netflix bar. Liderleriň sanawynda bolsa Hybe (BTS toparynyň eýeçiliginde), Spotify, Airbnb, Alaska Airlines, Sony, Balenciaga, Reddit, Revolut we Sotheby’s ýaly ses ýazgy edýän kompaniýalar bar.

Täzelikçiler toparynda bolsa, Moderna, Grammarly taslamasy, zenanlaryň onlaýn-jemgyýeti Peanut we ösümlik esasly süýt önümçiligi kompaniýasy Perfect Day bar.

Engine No.1, TikTok, AMC kinoteatr zynjyry, onlaýn satyjy Sheyn we programma üpjünçisi NSO Group ýylyň esasy böwsüp geçijileri hökmünde ykrar edildi.

Ýene degişli makalalar

12-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
“The Financial Times” ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi
Time žurnaly iň abraýly 100 kompaniýany belledi
“Le Klassikde” ýeňiş parižlileriň tarapynda boldy
Ýolaman Hummaýew — türkmen operasynyň düýbüni tutujy
Türkmenistanda mejbury ýygym dowam edýär; telekeçi ABŞ-dan türkmen pagtasyny özüniň gadaganlyk sanawyndan çykarmagy sorady