Ýyldyzly fleýta

(Erteki)

Alesýa Lopatina, rus ýazyjysy.

Saz gurallary dükanynda ümsüm gijeler höküm sürýärdi.Ullakan gara fortepianodyr, güýçli deprekler we ýiti sesli diskler süýji ukudady.Skripkalar bolsa, mahmal gaplarynyň içinde agyr ukudadylar. Ýöne fleýtanyň welin ukusy tutmaýardy.

Günleriň bir güni saz gurallary dükanynyň eýesi agşam öýüne gaýdanda penjiräni ýapmagy unudypdy.Bilesigeliji kiçijik ýyldyz bolsa, açyk penjireden dükana uçup girip, fleýtanyň içinde gizlendi. Şondan soň, fleýta beýleki saz gurallaryny birahat etmän, gijelerine haýaljakdan özüniň ýyldyz heňine tutdurýardy.

Gündizlerine dymýan bu fleýtanyň ýyldyz owazyna eýe bolandygyndan welin, hemmeler bihabardy.

Ir bilen dükanda işleýän oglanjyk saz gurallarynyň tozanyny süpürip ýörkä, eli fleýta galtaşanda, ol ýuwaşjadan owazlandy. Oglanjyk bu üýtgeşik nepis fleýtadan edinmegi köp wagtdan bäri arzuw edýärdi. Birdenem gapydaky jaňjagaz jyňňyrt edip ýaňlanansoň, içerik geýnüwli ýaşuly girdi.

Geçiberiň, men sizi görenime örän şat. Belki-de gerek zadyňyz bardyr? diýip, dükanyň eýesi barjamly alyja hoşamaýlyk bilen ýüzlendi.

Häzir-ä hiç zat, görüşdireýin, onsoň pikirleneýin diýip, ýaşuly perwaýsyz jogap berdi.

Şondan soň ýaşuly her gün dükana sowlup geçýärdi.Ol çagalygyndan fleýta çalmagy arzuw edenem bolsa, ömrüniň köp bölegini kakasyndan miras galan kärhananyň müdiri bolup geçiripdi.Oňa indi bu ýaşdan soň haýsydyr bir saz guralyny çalmagy öwrenmek gaty giç ýaly bolup görünse-de, saz gurallary dükany ony birsyhly özüne çekýärdi.

Bir gezek dükanyň eýesi az wagtlyk daş çykmaly boldy. Şonda ýaşuly oglanjyga ýüzlenip:

Ýogsa-da, sen fleýta çalyp bilýäňmi? diýip sorady.

Aýdýanyňyz näme jenap, meniň diňe agaçdan ýasalan ýönekeýje tüýdügim bar. Isleseňiz şondan bir-iki heň çalyp bereýin? diýip, oglanjyk ýylgyrdy. Şonda tüýdügiň şadyýanja owazyny fleýta ýuwaşjadan gaýtalady.

Berekella! Indi sen şo guraly çalmaga hem synanyşyp gör diýip, ýaşuly fleýta yşarat etdi.

Oglanjyk fleýtany dodaklaryna ýetiren badyna, göýä ähli ýyldyzlar seslenip şatlykdan ýaňa lowurdaşýan ýaly dürli owaz ýaňlandy. Garry bu bolýan zatlara haýran galdy, ýöne oglanjyk hem geňirgenmän durmady.

Bu men däl, fleýtanyň özi çalýar, jadyly bolmaga çemeli diýip, oglanjyk seslendi.

Ýaşuly dessine fleýta üçin üç esse gymmat töläp, satyn aldy-da agşamara aýdym-saz mugallymynyň ýanyna gyssandy. Ýaşuly ol ýere baranda saz gurallary dükanynda işleýän oglanjygyň hem şol ýerdedigini görüp, geň galdy. Oglanjyk aýdym-saz mugallymyna ýüzlenip:

Ýoldaş mugallym, maňa iň bolmanda ýekeje sapak bermegiňizi haýyş edýärin, indiki hepde men size ýene on mis şaýy bererin diýip, özelenip soraýardy.

Bir sapak üçin on mis az bolýar. Men size gyzymyň syrkawlandygyny, lukman üçin pul gerekdigini düşündirip aýtdym ahyryn diýip, mugallym gynanyp jogap berdi.

Mugallym, maňa şu fleýtada çalmagy öwretseň, on mis däl-de on altyn şaýy berjek diýip, barjamly ýaşuly dillendi.

Beýle bolsa, baş üstüne geliň! diýip, mugallym ýaşula baş egdi. Maňa öňünden töleseňiz, öwretmäge razy. Sen bolsaň, jigim diýip, oglanjyga ýüzlenen mugallym: Gyzym gutulandan soň geläýiň, oňa çenli ep-eslije şaýy toplarsyň.

Mugallym on sany altyn şaýylygy öňünden alandan soň, elinde baryny edip sapak berdi.Ol beýleki sapaklaryň hemmesini goýbolsun edip, diňe ýaşula uzakly gün sapak berdi.Birinji sapagy, ikinjisi …, onunjysy geçdi, ýöne göze görnüp duran netije bermeýärdi.

Hany şol jadyly owaz nirä gaýyp bolduka?Onuň bar bitireni fleýtadan diňe birnäçe ýoýulan owaz çykaryp başardy.Garry sagatlap türgenleşse-de, bar edeni biderek bolýardy.Bir gün iň bolmanda iň ýönekeý bir heňi çykaryp bolmazmyka diýen niýet bilen uzak gijeläp dyrjaşdy, ýöne hiç hili netije bolmansoň tukat halda ýerine geçip ýatmakçy boldy. Şol wagt onuň gulagyna özüni ýesir eden şol üýtgeşik owaz eşidilen ýaly boldy. Ýaşuly başyny galdyrsa, onuň gabat garşysynda ýyldyzlar ýaly lowurdaýan göm-gök lybasly perisypat gyz peýda boldy-da, onuň fleýtasynda saz çalyp berdi.

Sen kim? diýip, haýran galmakdan ýaňa doňňara daşa dönen ýaşuly ardynjyrady.

Mawy gözlerini ýaşula diken perizat mylaýym sesi bilen şeýle diýdi:

Men aýdym-sazyň perisi. Diňe päk ýürekli ynsanlaryň jadyly fleýtany çalyp biljekdigini saňa duýdurmaga geldim.

Ýaşuly ýerinden turan badyna, perizat gözden gaýyp boldy. Bütin gijeläp perizadyň aýdan sözleri hakda oýlanyp, ýatyp bilmedik ýaşuly säher bilen saz gurallary dükanyna howlukdy. Ol bu ýerde işleýän oglanjyga garap:

Taýýar bol, sen bu ýerde tozan süpürmeli däl-de, okamaly. Sen ussat sazanda bolup ýetişersiň. Men hemme zady gepleşerin, okuwlaryň üçin tölegleri hem öz üstüme alýaryn diýip ýylgyrdy.

Şeýlelikde, ýaňky ýaşuly oglanjygy aýdym-saz mekdebine ýerleşdirdi, soň bolsa aýdym-saz mugallymynyň ýanyna gitdi.

Siziň gyzyňyzyň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny bilsemem, sizi sapak bermäge mejbur edendigim üçin meni bagyşlaň! Mundan beýläk gyzyňyz sagalýança sapak bolmaz. Gyzyňyzyň saglygyny bejertmek üçin bolsa şuny menden kabul ediň diýip, ýaşuly jübüsinden çykaran galyň gapjygyny mugallymyň eline tutdurdy.

Iň soňunda meniň fleýtam garaşýan heňimi çykarsa bolýar diýip, öz ýanyndan oýa batan ýaşuly öýüne dolandy. Ol ýene-de şowsuzlyga uçranda bolsa, onuň lapykeçligini hiç zat bilen deňär ýaly bolmady. Edil şol wagt gapy kakylyp, dükanda işleýän oglanjyk şadyýan halda içerik kürsäp girdi.

Hormatly jenap! diýip, oglanjyk demi-demine ýetmän seslendi. Men size bagyşlap düzen sazymy öz tüýdügimde çalyp bermekçi.

Şol wagt ýaşuly oglanjyga öz fleýtasyny uzadyp:

Sen iň gowusy maňa düzen sazyňy meniň fleýtamda ýerine ýetirip ber diýdi.

Oglanjyk fleýtany dodagyna ýetiren badyna, göýä ähli ýyldyzlar seslenip, şatlykdan ýaňa lowurdaşýan ýaly dürli owazlar ýaňlanyp ugrady.

Oglanjyk sazy çalyp gutaranda ýaşuly şeýle diýdi:

Indi bu fleýta sende durubersin. Ol seniňki. Bu saňa has mynasyp.

Ýok, jenap! Men beýle gymmat sowgady kabul edip biljek däl diýip, oglanjyk soragly nazaryny ýaşula aýlady.

Onda gel gowusy, çalşaly. Sen maňa öz ýönekeýje tüýdügiňi ber, men bolsam saňa şu nepis fleýtamy bereýin diýip, özelenen ýaşuly fleýtany zor bilen diýen ýaly oglanjygyň eline gysdyrdy. Oglanjyk şatlykdan ýaňa ökjesi ýere degmän öýlerine dolandy.

Ýaşuly giç agşam ýatmak üçin düşegine geçmänkä oglanjygyň agaçdan ýasalan ýönekeýje tüýdügini eline alyp, dodagyna ýetirende, ondan gulaga ýakymly, ajaýyp owaz ýaňlanyp ugrady.

Terjime eden Gülzada Çaryýewa,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçysy.

Ýene degişli makalalar

ZEHINLI ÇAGALAR BILEN SÖHBETDEŞLIK
Ilkinji skripka
Aýak myşsalary güýçli bolan adamlarda miokard infarktyndan soň ýürek ýetmezçilik töwekgelçiligi pes
ÝB ýangyçlaryň gazylyp alynýan görnüşlerinden "yzyna gaýtaryp bolmajak" ýagdaýda uzaklaşýar
ChatGPT: Kömekçimi ýa-da howpmy?
Ýüzlerçe alym gol ýygnady: Emeli intellekti duruzyň