Ýyldyz oýunçy Ýewropa bilen hoşlaşdy

Gabonly meşhur futbolçy Pier-Emerik Obameýang Ýewropa futboly bilen hoşlaşdy.Geçen möwsümi Fransiýanyň “Marsel” toparynda geçirip, 49 oýunda 27 gol salan Obameýang Saud Arabystanynyň “Al Kadisiýa” toparynyň düzümine goşuldy. 35 ýaşyndaky oýunçy arap kluby bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Karýerasyna 2005-nji ýylda “Milanda” başlan ýöne bu klubda bir duşuşykda hem oýnamadyk Obameýang Fransiýanyň “Dižon”, “Lill”, “Monako” klublarynda kärendesine, soňra “Sent-Etien”, Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund”, Angliýanyň “Arsenal”, “Çelsi” hem-de Ispaniýanyň “Barselona” klublarynda çykyş etdi.

Ol ady agzalan bu klublarda 658 oýunda 334 gol geçirip, 102 goluň pasyny berdi.

Täzeden ýokary liga (SPL) dolanan “Al Kadisiýa” toparyna Naço hem transfer bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Ýyldyz oýunçy 10 ýyldan soň Fransiýa dolandy
IFFHS Günorta Amerika we Afrikada soňky onýyllygyň ýygyndylaryny saýlady
“Arsenal” 61 ýyllyk antirekordyny gaýtalady
Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)
Southempton 8-0, Arsenal bilen Aston Willa 6-0 ýeňdi
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar