
Soltan Selim III döwründe gurdurlan we Soltan Abdulhamid II döwründe giňeldilip döwlet köşgüne öwrülen Stambuldaky Ýyldyz köşgüne 26 günde 197 müň adam baryp gördi.
Köşgüň gapylary 6 ýyllyk abatlaýyş işlerinden soň Prezident R. T. Erdoganyň gatnaşmagynda 19-nji iýulda halka açyldy.
Ýyldyz köşgüne şol günden bäri günde ortaça 7 müň 500 adam baryp gördi.
Ýekşenbe güni Ýyldyz köşgüne baryp görenleriň sany 9 müň 584 adama ýetdi.
Baý ösümlik görnüşleri, suw ýoly we “Hamid Bagy” bilen Osmanly döwründe daşary ýurtly döwlet adamlarynyň kabul edilen ýeri bolan “Mabeýn köşgü” ünsleri özüne çekdi.