Şweýsariýada geçirilen synagda hünärmenler ýyldyrymyň ugruny üýtgetmegi we düşmeginiň öňüni almagy başardylar. Munuň üçin lazer tehnologiýasyndan peýdalanyldy. Hünärmenler bu açyşyň howa hadysalarynyň öňüni almakda peýdalanyp bilinjekdigini belleýärler. Synag ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Santis dagynda ýerleşýän Swisscom antennaly diňinde amala aşyryldy. Hünärmenler bu açyşyň Benžamin Frankliniň XVIII asyryň ortalarynda metalyň geçiriji häsiýetini anyklamagyndan bäri iň uly açyşdygyny belleýärler.
Synagda alty sagadyň dowamynda lazer ulgamy dört ýyldyrymyň düşmeginiň öňüni aldy. Ýokary tolkundaky lazer şöhleleriniň 60 metr beýiklige ýetýändigi hasaba alyndy.
Batyr ANNAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.