Ýylda Ýarym Million Adam Yssy Howa Sebäpli Ýogalýar

Ýylda Ýarym Million Adam Yssy Howa Sebäpli Ýogalýar

Soňky bir hepdede dünýä boýunça howanyň ýylylygynyň görülmedik derejede ýokarlandygyna ünsi çeken Guterriş, 21-nji iýulyň häzirki wagta çenli iň yssy gün hökmünde bellige alynandygyny ýatlatdy.

Guterriş: “Bölünen dünýämizi birleşdirýän ýeke-täk zat bar bolsa, ol hem ählimize özüni duýdurýan yssy howa howa” diýdi.

Dünýäniň ähli künjeklerinde ýylylygyň artandygyna ünsi çeken Guterriş, onuň milliardlarça adama zyýan ýetirýandigini, howanyň tempraturasynyň 50 gradusa çenli ýetendigini nygtady.

Sahara çölüniň günortasynda, ABŞ, Saud Arabystanynda we Aziýa bilen Afrikada yssy howa tolkunynyň pajygaly täsirleriniň bardygyny beýan eden Guterriş, käbir ýerlerde mekdepleriň ýapylandygyny aýtdy.

Guterriş; “Aşa yssy howa ýylda ýarym million adamyň ölmegine sebäp bolýar” diýip, onuň tropiki tüweleýler sebäpli çekilýän adam pidalaryndan 30 esse ýokardygyny beýan etdi.

Jöwzaly yssynyn esasy säbebiniň fosil ýangyç ulanmaklyk we howanyň üýtgemegidigini nygan BMG-niň Baş sekretary “Aşa yssy indi täze kadasyzlygymyz” diýdi.

Guterriş onuň täsiriniň azaltylyp bilinjekdigini we adam pidalarynyň öňüniň alynmagynyň mümkindigini beýan edip, “Biz şu gün täze bir global iş meýilnamasy boýunça çagyryş edýäris” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Guterriş Afrika ýurtlarynyň BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalary boljakdygyny aýtdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Guterriş Ýakyn Gündogarda ýaraşygyň ýola goýulmagy barada çagyryş berdi
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we BMG-niň Baş sekretary hyzmatdaşlygyň ösdürilişini maslahatlaşdylar
Ersin Tatar Guterrişiň Duşuşyk Teklibini Kabul Etdi
Ärdogan: BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gurluşy düýpli özgerdilmeli