Ýylda 4 million hytaýly syýahatçyny kabul etmekçi

Saud Arabystanynyň syýahatçylyk edarasy (STA) 2030-njy ýyla çenli her ýylda 4 million hytaýly syýahatçyny özüne çekmek maksadyna ýetmek üçin birnäçe möhüm ädimleri ätdi. Bu barada STA tarapyndan berlen beýanatda aýdylýar.

Şeýle başlangyçlar Patyşalygyň paýtagty Er-Riýad bilen Gyzyl deňziň kenaryndaky Jidda şäherini Hytaýyň paýtagty Pekin bilen baglanyşdyrýan täze göni uçuşyň başlamagyny öz içine alýar. STA-nyň habaryna görä, bu barada geçen hepde Saud Arabystanynyň flagman awiakompaniýasy “Saudia” habar berdi.

Mundan başga-da, Patyşalygyň we Hytaýyň arasynda syýahatçylygy ösdürmek boýunça, şol sanda, HHR-iň Saud Arabystanynyň çaltlaşdyrylan elektron wiza maksatnamasyna we “Saudia” awiakompaniýasynyň 96 sagatlyk üstaşyr wiza maksatnamasyna goşulmagy barada ikitaraplaýyn şertnamalar baglaşyldy. Awiakompaniýanyň bu maksatnamasynyň çäklerinde ýolagçylara Patyşalygyň myhmanhanalarynda bir gije galmak teklip edilýär.

STA-nyň beýanatynda hytaýly syýahatçylara amatly bolmagy üçin şu ýylyň başynda eýýäm birnäçe çäreleriň görlendigi tassyklanýar. Indi Hytaýdan gelen syýahatçylar hytaý dilindäki resmi syýahat portaly “VisitSaudi.cn”-i ulanyp bilerler. Şeýle-de Er-Riýadyň howa menzilinde ornaşdyrylan hytaý dilindäki telefon liniýalaryndan, “UnionPay” töleg ulgamyndan we Hytaý garbanyşhanalaryndan peýdalanyp bilerler.

Saud Arabystanynyň “Görüş 2030” milli maksatnamasyna laýyklykda, Patyşalyk 2030-njy ýyla çenli ýurda gelýän syýahatçylaryň sanyny ýylda 100 million adama ýetirmegi maksat edinýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan awiakompaniýasy täzelenen halkara uçuş tertibini hödürledi
11-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň täze meýilnamasyny mälim etdi
Türkmenhowaýollary Jidda şäherine ýolagçy gatnawynyň sanyny artdyrdy
Saud Arabystanynа barýan Russiýanyň ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi
Saud Arabystanynа barýan Russiýanyň ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi