Ýyladyş batereýalary bolmasa-da, Aşgabadyň ýaşaýjylaryna ýyladyş hasaplary iberilýär

Aşgabadyň ýaşaýjylaryndan, hatda öýlerinde ýyladyş batereýalary bolmasa hem, ýyladyş üçin töleg tölemekleri talap edilýär diýip, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary habar berýärler.

Kwartira we zir-zibil hyzmatlary üçin töleglerini tölemek üçin öý edarasyna gelen ýaşaýjylar jaýlarynyň ýyladyş hyzmaty üçin hem töleg tölemelidiklerini bilip galýarlar.Adamlar ýaşaýyş jaý edarasynyň işgärlerine özleriniň indi köp ýyl bäri ýyladyş hyzmatyndan peýdalanmaýandyklaryny aýdýarlar we olaryň kwartiralaryna gelip, jaýda hiç hili ýyladyş radiatorlarynyň oturdylmandygyna göz ýetirmeklerini haýyş edýärler.

Emma işgärler olara bu tölegi her hili ýagdaý bolanda hem tölemelidigini aýdýarlar.Olar muny kwartiralaryň içinden ýyladyş getirýän turbalaryň geçýändigi bilen delillendirýärler.

Ýaşaýyş jaý edarasynyň işgärleri ýaşaýjylara munuň öz gelen kararlary däldigini, özleriniň ýokardan berlen görkezmäni berjaý etmäge mejburdyklaryny etrabyň ýaşalýan binalarynyň ähli inedördül metri üçin tölegleriň kassalara tölenmelidigini habar berýärler.

Eger adamlar bu tölegi tölemekden boýun gaçyrsalar, olara ol ýa-da beýleki güwanamany bermegi bes edýärler. Ýaşaýjylar diýlen tölegi tölemekden başgfa alaç tapmaýarlar.Mysal üçin, kwartiranyň tutýan meýdany 75 inedördül metr bolsa, onuň 40 inedördül metri ýyladylýan meýdana girýär, munuň üçin 100 manat talap edilýär. Ýyladyş möwsümi ýylda bäş aý dowam edýär.

Zir-zibilleriň ýygnalýany üçin ýylda kwartira ýazgy edilen her adam üçin 5,40 manat tölemeli.

Belleýäris, paýtagtyň ýaşaýjylarynyň kwartiralarynyň köpüsinde ýyladyş batereaýlary ýok. Ýaşaýyş jaý edaralarynyň işgärleri 2000-nji ýyllarda, hususan-da Parahat etrapaçasyndaky jaýlarda, batereýalar öz ulanylmak möhletini bireýýäm geçirdi we suw syzmazy ýygjamlaşdy diýip, olary söküp aýyrdylar.

Bu hakykatdan hem şeýledi, bateraýlary sowet döwründen bäri täzelemändiler.Emma aýrylan bateraýlaryň ornuna täzeleri oturdylmady. Ýurtda gyş beýle gazaply bolmansoň, üstesine ýyladyş ulgamy gowy işlemänsoň, adamlar täze bataraýblary sdatyn almadylar.

Ilat arasynda “buržuýkalar”, gaz gazanlary, Eýaranyň elektrik peçleri meşhur boldy. Tas mugt diýen ýaly jamagat hojalygy hyzmatlary wagtynda bolsa, ulanylan tebigy gazyň we elektrik energiýasynyň az-owlak tölegine hiç kim üns bermedi.

Häzir batereýalary satyn almak üçin esli pul çykarmaly. Mysal üçin, 10 hatarly (Türkiýede öndürilen) batereýa 900 manada golaý pula durýar.

Ýatladýrys, 2017-nji ýylyň 1-nji noýabryndan ýurtda jemagat hojalygy hyzmatlary üçin täze tarifler girizildi. Şondan bäri Aşgabatda, şäher häkimliginden, öý edarasyndan, suw we gaz üpjünçiligi gullugyndan, polisiýadan gelýän dürli komissiýalar kwartiralarda gaz we suw ölçeýji gurallaryň oturdylyp-oturdylmandygyny barlaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Zir-zibilleri rejeleýärin
Aşgabat: Zir-zibil gutularynyň daş-töweregi arassalanmaýar
Aşgabatda galyndylary dolandyrmak ulgamynda halkara tejribesi we milli usullar ara alnyp maslahatlaşyldy
Aşgabat haýwanat bagynyň gözgyny ýagdaýy (fotosergi)
Aşgabatda zir-zibil gutulary wagtynda arassalanmaýar’
Türkmenistanda dilegçiler, zibil dörýän garrylar we çagalar köpelýär