Ýygymçylar tabşyran pagtasynyň 'ýokarlanan' töleginden nägile

Ýygymçylar tabşyran pagtasynyň 'ýokarlanan' töleginden nägile

Welaýatlaryň ýerli ilat köpçüligi şu günler pagta ýygyma gatnaşýar. Býujet işgärleri pagta meýdanlaryna zor bilen ugradylyp, goşmaça pul tabşyrmaga mejbur edilýärkä, ýygymçylar gazanç etmek üçin pagtany meýletin ýygýarlar. Emma käbir ýygymçylaryň döwlet nyrhynyň ýokarlanmagyndan soň şu ýyl pagtadan etjek gazanjynyň hem artmagyna eden umydy puja çykypdyr. Ýygymçylaryň tabşyran pagtasynyň nyrhynyň daşynda dawaly ýagdaýlar Balkanda we Lebapda ýüze çykdy.

Lebap welaýatynda, ýygylýan pagtanyň 1 kilogramyna tölenilýän zähmet haky öňki ýyla seredilende iki esse galdyrylypdyr.

Türkmenabadyň şäher häkimligindäki çeşmäniň habar bermegine görä, bu ýyl pagta ýygýanlara, ýygylan 1 kg pagta üçin 50 teňňe däl-de, eýsem, 1 manat tölenilip başlanandygyny habar berdi. Öňki ýyllarda ýygylan pagtanyň 1 kilogramyna 50 teňňe tölenipdi.

Emma käbir ýygymçylar pagta meýdanlarynda ýygan pagtasyny tabşyranda girdejisiniň garaşanyndan az çykýandygyny gürrüň berdiler.

Hakyna tutma ýygymçy bolup gazanç edýän lebaply zenan pagtanyň nyrhynyň artdyrylandygyna begenýändigini, emma tabşyran pagtasynyň bir böleginiň hasaplanmaýandygyny gürrüň berdi.

"Şu ýyl kilogramyna 1 manat tölenjek diýildi. Men adatça her gezek 80-100 kg pagta ýygyp bilýärin. Men hakyna tutma işgär hökmünde hem hepdesine 30 manat alýaryn. Emma gynandyrýan ýeri, çyg we galyndy diýip, 10 kg ýygylan pagtadan 1 kilogramy hasaba alynmaýar" diýip, ýygymçy zenan gürrüň berdi.

Pagtanyň döwlet tarapyndan satyn alynýan nyrhy bugdaýyň nyrhy bilen bilelikde şu ýylyň başyndan artdyrylypdy. Pagtanyň bir tonnasynyň täze resmi bahasy üç esse göterilip, hiline görä 4550 5000 manat aralygynda kesgitlendi. Mundan ozal pagtanyň bahasy alty ýyllap 1355 1500 manat aralygynda saklanýardy.

Azatlygyň habarçylaryna görä, ýygymçylar ýygan pagtasyny kärendeçilere tabşyrýarlar we ýygymçylardan alynýan pagtanyň nyrhyny kärendeçiler kesgitleýär. Pagtanyň satyn alyş täze resmi nyrhyna görä, şu ýyl kärendeçileriň hökümete pagtanyň bir kilogramyny 5 manatdan tabşyrmagy göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de bolsa, Balkan welaýatynyň käbir etraplarynda ýygymçylara tabşyran pagtasy üçin ozalky bahadan tölenýär. Bu ýagdaý ýerlerde dawalaryň döremegine sebäp boldy.

Azatlygyň ýerli habarçysy Gyzylarbat etrabynda ýygylan pagtanyň agramyny kemeldip ýazmak we bir kilogramyna 30-40 teňňeden tölemek ýaly ýagdaýlaryň ýüze çykandygyny gürrüň berdi.

"Gyzylarbadyň etrap saglyk, bilim pudaklary we jemagat hojalygy tarapyndan Zaw, Paraw we Arkaç daýhan birleşiklerine iberilen býujet işgärleri we hakyna tutulan ýygymçylar daýhan birleşigiň başlyklaryndan ýygan pagtasy üçin 40 teňňeden däl-de hiç bolmanda 1 manat 50 teňňeden hak tölemegi talap etdiler.

Býujetçiler döwlet tarapyndan pagtanyň satyn alyş nyrhynyň 1 kilogramy üçin 5 manada çykandygyny aýdypdyr.Bu ýagdaý daýhan birleşikleriniň we býujet ýygymçylarynyň arasynda gapma-garşylyga we ýakalaşma sebäp boldy" diýip, habarçymyz aýdýar.

Ýagdaýdan habarly çeşmeler, ýygymçylaryň talabynyň kanagatlandyrmandygy we dartgynlylygyň dowam edýändigini gürrüň berdiler.

"Zaw daýhan birleşiginde 50-den gowrak şäherden gelen býujetçiler: '40 gradusa ýetýän yssy howada ýanyp siziň pagta planyňyza goşant goşýarys sizler ne çaý-nahar berýärsiňiz, ne-de zähmetimize hak töleýärsiňiz, 40 teňňe puluňyz biziň ýol kreýimize hem ýetmeýär. Adam ýaly töleseňiz pagta ýygarys, bolmasa işimizden boşadaýsyn' diýip, garşylyk bildirýärler" diýip, çeşmeleriň biri gürrüň berýär.

Habarçylaryň sözlerine görä, şu ýyl Balkanda pagta ýygyma ilatyň tas ähli gatlaklary çekildi.

"Şu ýyl mejbury pagta ýygyma kämillik ýaşyna ýeten adamlarymyz, býujetçilerden, studentlerden başlap, telekeçilere we daýhan bazarlarynyň satyjylaryna çenli çekilýärler" diýip, ýerli habarçymyz gürrüň berdi.

Bu aralykda ýurduň gündogar sebitinde ähli býujet edaralarynyň işgärleri we hakyna tutulan ýygymçylar welaýatyň ähli etraplaryndaky pagta meýdanlaryna köpçülikleýin mejbury pagta ýygymyna ugradylýarka, habarçylar ekin meýdanlarynda pagtanyň azdygyny aýdýarlar.

Pagta ýygymyna gatnaşýan türkmenabatly şeýle diýýär: "Pagta meýdanlaryna çykardylar welin, häli meýdanlarda pagta az".

Türkmenistanda pagta ýygymyň resmi möwsümi entek başlanmady. Resmi taýdan pagta ýygym möwsümi sentýabryň ikinji hepdesinde başlanyp, noýabryň başyndaky hasyl baýramyna gabat tamamlanýan hem bolsa, iş ýüzünde ilat pagta ýygyma awgust-dekabr aralygynda çekilýär.

Pagtany dünýäniň bazarlarynda satýan Türkmenistanyň hökümeti pagta önümçiliginde mejbury zähmeti ulanýandygy üçin halkara jemgyýetçiligi tarapyndan edilýän tankytlara resmi reaksiýa bildirmeýär.

Türkmen hökümeti ozalky ýyllarda bolşy ýaly şu ýyl hem 1 million 250 müň tonna pagta ýygmagy planlaşdyrýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Häkimiýetler gowaça meýdanlaryna ýer eýelerinden birugsat mejbury ýygymçy girizip, töleg talap edýär
Balkanda iki hepde çemesi wagt bäri töleg terminallary işlemeýär, bankomatlara nagt pul goýulmaýar
Milli howpsuzlyk işgärleri pagta meýdanlaryna gözegçilik edýärler
'Hormatly Prezident' propagandasy bugdaýy däl, 'dilegçilik edýän çagalary köpeldýär'
Gazagystanda ýokary däne hasylyna garaşýarlar
Mary welaýaty pagta ýygymyna taýýar