Italiýanyň “Ýuwentus” klubunda meseleler yzyny üzmän dowam edýär.Geçen ýyl galplyklar sebäpli jerime baryny alan Turin şäheriniň wekili täze möwsüme-de ýyldyz oýunçysy Pol Pogbanyň doping habarlary bilen başlapdy.
Klub üçin ýene bir ýakymsyz habar peýda boldy.Toparyň ýaş oýunçysy Nikolo Fajoliniň stawka goýýandygy barada Turiniň prokuraturasy hem-de Italiýanyň futbol federasiýasy tarapynda iş gozgaldy.Italiýada humarly oýunlar oýnamak gadagan däl, ýöne bikanun platformalarda oýnamak gadagan edilen. Şol bir wagtyň özünde-de bir türgeniň öz ugry boýunça stawka goýmagy kanuna gabat gelmeýän hereketleriň biri hasaplanýar.
Häzirki wagtda iş gozgan prokuratura tarapyndan Fajoliniň halkara arenada gözlenilýän şübheli stawka goýýanlaryň biridigi bellenilýär.Onuň stawka goýmagy bilen baglanyşykly deliller ýüze çykarylyp, oýunçy jenaýata çekilen ýagdaýynda Fajoliniň 3 ýyldan futboldan daşlaşdyrylmagyna garaşylýar. Üstesine-de azyndan 25 müň ýewro möçberinde ýa-da has köpräk pul jerimesiniň salynmagy mümkin. “Ýuwentusyň” ýaşlar düzüminde kemala gelen Fajoli 2 möwsüm öň “Kremoneze” toparynda kärendesine oýnapdy.