“Ýuwentus” öz meýdançasynda “Barselonany” kabul eder

“Ýuwentus” öz meýdançasynda “Barselonany” kabul eder

Şu gije UEFA Çempionlar ligasynda “E”, “F”, “G”, “H” toparçalardaky 2-nji duşuşyklar oýnalar.Tapgyryň iň esasy oýny “Ýuwentus” bilen “Barselonanyň” arasyndaky bolar.Duşuşygyň iň esasy aýratynlygy Kristiano Ronaldo bilen Lionel Messiniň täzeden gabatlaşmagy bolmalydy. Ýöne mundan 2 hepde ozal kowid 19 pandemiýasyna uçran Kristiano Ronaldo bu duşuşykda meýdança çykyp bilmez.

Bu bolsa futbol janköýerlerini azda-kände gynandyrsa-da, iki toparyň arasyndaky bu duşuşygyň çekeleşikli hem-de dartgynly bolmagyna garaşylýar.Iki klub mundan ozal, 11 gezek duşuşdy. Şolaryň 4-sinde “Barselona” 3-sinde “Ýuwentus” ýeňiş gazandy.

Gollandiýaly Danni Makkele eminlik etjek duşuşygynyň faworiti ýok. Belki ýer eýesi hökmünde “Ýuwentus” bolup, ýöne toparyň esasy super ýyldyzy Kristiano Ronaldonyň oýnap bilmeýändigi nähili täsir eder, belli däl. “Ýuwentusda” De Ligt, Kiellini hem şikesi sebäpli oýnamaz. “Barselonada” Koutinio, Ter Ştegen ýaly oýunçylar hem şikesi sebäpli oýnap bilmez.

Şu wagta çenli 1 gezek gabatlaşan “Ferenswaroş” bilen “Dinamo Kiýewiň” arasyndaky şu günki duşuşygyň özboluşly aýratynlygy bar.Iki topar UEFA-nyň öňki ýaryşlaryndan Kubokçylaryň Kubogy bäsleşiginiň finalynda duşuşypdylar. Şonda “Dinamo Kiýew” Onyşçenko (2) we Blohiniň gollary bilen 3-0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Şeýle-de wenger toparyna häzirki wagtda “Dinamo Kiýewiň” ozalky futbolçysy Sergeý Rebrowyň tälim bermegi-de aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Şeýle-de şu gün “Krasnodar” “Çelsini”, “Sewilýa” “Renni”, “Borussiýa Dortmund” “Zeniti”, “Klub Brýugge” “Lasiony”, “Istanbul Başakşehir” PSŽ-ni, “Mançester Ýunaýted” bolsa “Leipsigi” kabul eder.

Ýene degişli makalalar

SPORT GYSGA SETIRLERDE
Toparlaryň deň ýarysyna golaýy Stambul şäherine wekilçilik eder
Wan Gaal Niderlandlaryň düzümini äşgär etdi
Messiniň täze rekordlary, Luçesku iň ýaşuly tälimçi
Şikesli oýunçylarynyň sany 7-ä ýetdi
EUR0 2020-ä badalga berildi